logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi
  27.10.2026
10
Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi

Mary etrabynyň «Täze oba» geňeşliginiň çäginde «Täze aý» haryt nyşany bilen süýt önümlerini öndürýän döwrebap kärhana ulanmaga berildi.

 

Kärhanany çig mal bilen üpjün etmek üçin süýt esasan ýerli ilatdan, telekeçilerden, daýhan hojalyklaryndan, hususy kärhanalardan we hojalyk jemgyýetlerinden şertnamalar esasynda ýygnalýar. Ýygnalan süýt önümçilik kärhanasyna ýöriteleşdirilen awtoulaglarda getirilýär.

 

Önümçilige başlamazdan ozal, getirilýän süýdüň hili we düzümi barlaghanada barlanýar. Zerur talaplara laýyk gelýän çig mal soňra gaýtadan işlemek üçin önümçilik bölümlerine geçirilýär. Kärhananyň önümçilik desgalary Türkiýäniň we Germaniýanyň belli kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

 

Täze kärhanada 300-den gowrak adamyň zähmet çekmegi üçin zerur şertler döredildi. Ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen önümçilik toplumy 1 müň tonnadan gowrak mesge ýagyny, 8 müň tonna gatyk we gaýmak önümlerini, 1,5 müň tonna golaý peýniri hem-de 3 müň tonna gury süýdi öndürmäge ukyplydyr.

 

Öndüriljek gury süýdüň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem ýerlenmegi meýilleşdirilýär. Taýýar önümleriň 380 tonnasyny bir wagtda saklamaga niýetlenen ýörite ammar hem göz öňünde tutulypdyr.

 

Kärhanada önümçilik bölümlerinden başga-da, işgärler üçin arassaçylyk we durmuş otaglary, şeýle hem naharhana ýerleşýär. Mundan başga-da, okuw merkezinde S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň degişli meýilnama esasynda önümçilik tejribesini geçmegi üçin mümkinçilikler döredildi.

 

Eneş AMANMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.