logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Mämmetweli Kemine
  27.01.2022
3065
Mämmetweli Kemine

Ýagny, türkmen halkynyň arasynda sarpasy belent tutulyp, ady dillerden düşmän gelýän iň meşhur klassyk şahyrlaryň biri hem Mämmetweli Keminedir. Ol Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň töwereginde 1770-nji ýyllarda Garadöwletiň maşgalasynda eneden dogulýar. Ol kämillik ýyllaryny Sarahs, Mary topragynda geçiripdir. Ol ilkinji bilimini Sarahsyň oba mekdeplerinde alýar. Emma bu hem bilesigeliji Mämmetwelini kanagatlandyrmaýar. Soňra ol Buhara we Hywa medreselerinde bilim alýar.

Kemine özüniň obadaşy Gurbannagt bilen durmuş tutýar. Olaryň Allaýar we Hudaýar atly iki sany ogullary bolýar. olaryň ikisi 29 ýyl ýaşaşanlaryndan soňra, Gurbanbagt aradan çykýar. Şahyr özüniň gelini üçin şeýle setirleri düzýär:

Bir kem otuz ýyldyr sürüşdüm döwran,

Ýar sensiz gerekmez bu pany jahan-diýen setirleri beýan edýär.

Kemine deň-duşlary bilen oturuşmagy, saz söhbeti söýýän şahyrlaryň biridir. Şahyr “Yşk mülküniň şasy” Mollanepes bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Ol ýşlykdan wäşi, dile çeper ýigit bolupdyr. Keminäniň ýomaklary, şorta sözleri halkyň ähli knjegine giňden ýaýrapdyr. Şahyr 70 ýaşynda 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri häzirki wagtda Mary welaýatynyň Baýramaly we Türkmengala etraplarynda ýaşaýarlar.