logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Agriculture /Maldarçylyk pudagyny ösüşlere beslemek ugrunda
  13.05.2023
831
Maldarçylyk pudagyny ösüşlere beslemek ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän asylly işler bu günki gün netijeli häsiýete eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy bolan oba hojalyk toplumyny has-da ösdürmeklige, bu ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini içgin ornaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda oba hojalyk pudagy ýokary derejede gülleýär hem pajarlap ösýär. Obasenagat toplumyny döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek, ilatymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagyny ösdürmekde, mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olaryň önümliligini ýokarlandyrmakda we pudagyň ot-iýmlik binýadyny berkitmekde degişli işleri geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bu ugurda öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär. Pudagyň ösen oba hojalyk tilsimatlary, täzeçil usullary, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Netijede azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär, halkymyzyň abadan hem bolelin ýaşaýşy gazanylýar. Mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak­da, ýo­ka­ry hil­li mal­dar­çy­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de mal­la­ryň baş sa­ny­ny kö­pelt­mek bi­len bir ha­tar­da ola­ryň to­humuň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň uly äh­mi­ýe­ti bar. Ýur­du­myz­da ös­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk mal­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ne­sil go­ru­ny sak­la­mak, kä­mil­leş­dir­mek, ýer­li şert­le­re uý­gun­la­şan tä­ze to­par­la­ry­ny dö­ret­mek mal­dar­çy­lyk­da to­hum­çy­lyk işi­niň esa­sy ugur­la­ry­dyr. Öri meý­dan­la­ryn­da mal bak­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dyr­mak we ula­ny­ly­şy­ny düz­gün­leş­dir­mek, suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak hem-de eme­li usul­da ýo­ka­ry ha­syl­ly örü­le­ri dö­ret­mek uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mal­dar­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len bir ha­tar­da, pu­da­gyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy hem ber­ki­dil­ýär. Mal­la­ry dür­li ke­sel­ler­den go­rap sak­la­mak, be­jer­mek, mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk önüm­le­ri­niň, ot-iým­le­riň, ot-iým go­şun­dy­la­ry­nyň hi­li­ni we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň ugur­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän degişli resminamalar, düzgünnamalar hereket edýär.

Häzirki wagtda hususy pudaga, telekeçilere, maldarçylyk önümlerini öndürijilere döwlet goldawy, ýeňillikleri berilýär. Hususy maldarçylyk hojalyklaryny ösdürmäge, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň kuwwatlylygyny artdyrmaga gönükdirilen zerur çäreler görülýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz ta­gal­la­sy bi­len, ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man en­jam­lary bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan iri mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gurulýar we ilatymyzy ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri bi­len bo­le­lin üp­jün edilýär. Te­le­ke­çi­ler ýur­du­my­zyň sarp ediş ba­za­ryn­da azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de, et-süýt önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak­da, ow­nuk we iri şah­ly mal­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Eziz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň möhüm ugurlary­na la­ýyk­lyk­da, bir­nä­çe oba ho­ja­lyk we azyk ugur­ly kär­ha­na­lar işe gi­ri­zil­di. Şeý­le döwrebap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi im­port edil­ýän et-süýt önüm­le­ri­niň möç­ber­le­ri­ni azalt­ma­ga, içer­ki ba­zar­la­ry­myz­da is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri öz ýur­du­myz­da ön­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­likleri hem şertleri dö­red­ýär. Bagtyýar hem döwletli zamanada şeýle uly işleri, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzy gülledip ösdürýän Hormatly Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Myrat DÖWLETOW,

Baýramaly agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň II derejeli mugallymy, 
TDP-niň işjeň agzasy.