logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Economics /Maldarçylyk pudagy
  18.08.2020
2100
Maldarçylyk pudagy

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan- Bitaraplygyň Mekany” ýylynda Eziz Watanymyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan Babadaýhan etrabynyň edermen maldarlary dowarlardan alanan owlak-guzulara iýdeg etmek seretmek işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Bahar paslynyň ygally gelmegi bilen öri meýdanlaryň ot-iýimlik binýady ýeterlik derejede boldy. Babadaýhan etrabynyň daýhan birleşikleriniň edermen çopanlary baş dowarlardan sagdyn owalak- guzy almaklary netijesinde maldarçylyk pudagynda öňe gidişlik örän uly boldy. Çopanlar yhlasly işiniň netijesinde maldarçylykda  üstünlük gazanyldy. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinde peýdalanýan çopanlar bu gün özleriniň ussatlyklaryny görkezip tutanýerli zähmet çekýärler.