30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň resmileri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institut mugallymlary we talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili çykyş edip, bu täze neşiriň türkmen-gruzin medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda Gruziýanyň edebiýatçylary, alymlary we jemgyýetçilik işgärleri wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň halklar arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde uly rol oýnaýandygyny nygtadylar.
Çärä gatnaşanlar şahyryň döredijiliginiň gruzin okyjylaryna has ýakyndan tanatmagyň, türkmen we gruzin halklarynyň medeni gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Mundan başga-da, Gruziýanyň milli edebiýatynyň ýokary okuw mekdeplerinde sapak hökmünde girizilmegi, iki halkyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň giňeýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezildi.
Laçyn Mämmetowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.