2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatyndaky Kent uniwersitetinde gündogaryň beýik şahsyýeti we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, ABŞ-da okaýan türkmen talyplary, ýerli ýaşaýjylar we türkmen diasporasy gatnaşdy.
Dabara gatnaşanlaryň hatarynda “Wick” poeziýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Dewid Hassler we Magtymgulyşynas alym Durdy Ilmämmedow çykyş etdiler. Çäräniň medeni bölegini Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary, şeýle hem Kanzas-Siti aýdym-saz akademiýasynyň ýolbaşçysy Maýýa Tüýliýewanyň fortepiano çykyşlary baýlaşdyrdy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy Amanmyrat Arazow bu çäräniň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ähmiýetini nygtap, şeýle belledi: "Magtymguly Pyragynyň mirasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde ylham bermegini dowam etdirýär we medeni diplomatiýa hem-de bilelikdäki öwrenişleri ösdürýär."
Bu çäre ABŞ-daky ýokary okuw mekdepleri bilen uzak möhletleýin bilim we medeni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky maksatnamanyň çäginde geçirilipdir.
Doly maglumat almak üçin, Ashgabat In sahypasyna girip bilersiňiz.