logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy
  15.04.2023
2033
Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr. Bu babatda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem  özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» – diýip bellemek bilen, türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldaryna bolan çäksiz hormatyny çeper beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň diňe bir halkyň, diňe bir milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlarynyň  ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesli üçin öwredijilik we terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. 

Türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup türkmen halkyny birleşdirmek, döwlet gurmak meselesini gozgan akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.  Muny dana şahyrymyzyň  «Döker bolduk ýaşymyz» atly şygrynyň: 

Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy – Nili.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili –
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz
– diýen,  «Türkmen binasy» goşgusynyň: 

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýöriş, açylar gül lälesi
– diýen şahyrana setirleri-de tassyklaýar. Dogduk mekanyňa, ata Watanyňa bolan söýgi, agzybirlik, adalatlylyk, batyrlyk, bir bitewi döwlet gurmak ýaly filosofik pikirler Magtymguly Pyragynyň  ençeme goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik akyldar şahyrymyzyň türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak ideýasy «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gidiji bolma», «Il ýagşy» we «Ýykmaýan ärden» atly goşgularynda has-da aýdyň beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, Magtymguly atamyzyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri häzirki syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. 

 

Kümüş BAÝRAMOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň uly mugallymy.