logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Maglumat ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda
  24.02.2023
1012
Maglumat ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary hem-de bagtyýar halkymyzyň yhlasly zähmet çekmeginde öňde has uly maksatlaryň goýulmagy we olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy geljegiň täze belentliklerine badalga bolup hyzmat edýär. Bu ugurda milli ýörelgelerimize, dünýä tejribesine daýanyp, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwür dünýä giňişliginde sanly tehnologiýalaryň, maglumat ulgamlarynyň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan döwri. Ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda sanly maglumat ulgamynyň gerimini giňeltmek we ylmyň soňky gazananlary esasynda maglumat-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek işlerini ýokary depginde dowam etdirmek alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen, sanly tehnologiýalara esaslanýan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ösüş derejesiniň ýokarlanmagyny gazanmaga mümkinçilik döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini görkezýärler. Sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, elektron senagatyny ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, elektron resminamalar dolanyşygyna dolulygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňeltmek wezipeleri hem ileri tutulýar. Bu möhüm wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyny, bu ugurda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. 

Innowasion tehnologiýalarynyň ösýän döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri hem barha artýar, jemgyýetiň we döwletiň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmeklik bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maglumat serişdeleriniň üýtgemegine çalt uýgunlaşyp bilýän ussat bilimli işgärleri ýurdumyzda işewürligi ösdürmegiň derejesini artdyrýarlar. Ylmy we tehnologik ösüşi ýokary hünärli işgärleriň bilim derejeleri, olaryň täze pikirleriniň, ylmy açyşlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär. Maglumat ulgamlaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan şahsyýetler edip kemala getirmekde öňde uly wezipeler durýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bizi ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrýar.  

 

Laçyn MIRABOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.