logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /LOTOS YBADATHANASY
  23.05.2022
1741
LOTOS YBADATHANASY

    Lotos ybadathanasy Nýu Delidäki iň bir ýatda saklanýan gözellikleriň biridir. Nýu Deliniň döwrebap etraplarynyň birinde lotos güli şekilindäki ak ybadathana ýerleşen. Bu ybadathanyň gapysy ähli milletler üçin hem açykdyr.
   Lotos görnüşindäki ak ybadathana 1986-njy ýylda gurulýar. Bu ybadathanana Fariborz Sabha atly binagäriň lotos görnüşindäki çyzgylary esasynda gurulypdyr. Ybadathananyň gurulmagyna 10 ýyl gerek bolup, 800 işçi zähmet çekipdir. Gündogardaky lotos arassaçylygyň we gülleýişiň nyşany bolup durýar. Lotos ybadathanasynda edil janly gül ýaly ýekeje göni çyzygy hem ýok. Lotos ybadathanasyna zyýarat etmek sişenbe we ýekşenbe günleri rugsat edilýär. Iş sagatlary gyşyna (oktýabr aýyndan aprel aýyna çenli): 09:00-dan 17:00-a çenli; Ýazyna (aprel aýyndan oktýabr aýyna çenli): 09:00-dan 18:00-a çenli.

Bahar Gazakowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy