logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy
  10.05.2025
1006
Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy

Watikanda täze Papa saýlanyp, Rimiň 267-nji Papasy hökmünde Kardinal Robert Fransis Prewo yglan edildi. Ol özüniň papalyk döwründe “Lew XIV” adyny aldy. Bu taryhy waka barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

 

Papa saýlanandygy barada däp bolan “Habemus Papam” (“Biziň Papamyz bar!”) yglan edilmegi bilen jemgyýetçilige mälim edildi. Bu dabaraly pursat Keramatly Petr Ybadathanasynyň meşhur balkonynyň ýüzünde kardinal-protodýakon Dominik Mamberti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, dünýäniň dürli künjeginden ýygnanan müňlerçe adam täze Papanyň adyny ilkinji gezek eşitdi.

 

69 ýaşyndaky Robert Prewo Katolik ybadathanasynyň taryhynda ABŞ-dan saýlanan ilkinji Papa hökmünde aýratyn orun eýeledi. Onuň saýlanmagy Keramatly Petr meýdanynda ýygnanan 45 müň töweregi adam tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar we şatlyk bilen garşylandy. Bu waka diňe bir katolik dünýäsinde däl, eýsem halkara jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi.

 

Täze saýlanan Papa – Robert Fransis Prewo 1955-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde dünýä inýär. Onuň ABŞ we Peru ýurtlarynyň ikili raýatlygy bar. Ruhanylyk ýolundaky hyzmatynda Prewo birnäçe möhüm wezipelerde işläpdir. 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ol Watikanyň Ruhanylaryň işleri boýunça Dikasteriýasynyň prefekti wezipesine bellenilipdi. Şol ýylyň 30-njy sentýabrynda bolsa, Papa Fransisk tarapyndan kardinallyk derejesine ýetirildi.

 

Papa Lew XIV-nyň öňündäki wezipeleri az däldir. Ol global katolik jemgyýetiniň agzybirligini saklamak, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak we ruhy lider hökmünde dünýäde parahatçylyk ugrunda işleri dowam etdirmek ýaly möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolar.