logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Kufen
  13.04.2020
1074
Kufen

     Gadymy Abiwerdiň meşhur galalarynyň biri Kufen gözbaşyny   Köpetdagyň jümmüşinden alyp, Soltandeşt ýaýlasyna akýan Dorungär çaýynyň aşaky akymynda, örän amatly ýerde ýerleşipdir. Häzirki günlerde Kaka etrabynyň Artyk demir ýol bekedinden 15 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Şugundyr baba ady bilen meşhur bolan zyýarathananyň daş-töweregi birmahalky Beýik Ýüpek ýolunyň arzyly düşelgesi bolan Kufen şäherjiginiň bize miras galan sudurlarydyr. Abiwerd hem onuň galalary hakynda maglumat berýän kitaplardaky ýazgylardan çen tutsaň, bu şäher kysmy galanyň müň ýyl mundan ozal aýratyn uly ähmiýetli, gülläp ösýän ajaýyp bir menzil-mekan bolandygyna gözüň ýetýär. Maryny paýtagt edinip oturan patyşa Abdyllah ibn Tahyr Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm düşelgesi Kufende erk galaly, jemagat metjitli, dört derwezeli gala saldyrypdyr. Indi erk galanyň orny depe, galanyň diwarlarynyň yzy seňňer bolup galypdyr. Şäheriň daşyna halkalaýyn gala diwary aýlanypdyr. Daşky gala diwarynyň uzynlygy 6 kilometre ýetýär. Şu ýagdaýa nazar aýlanyňda-da bu şäher kysmy galanyň köp ilatly, möhüm merkez bolandygyny aňlamak bolýar. XI asyryň başynda bu ýerlere gelip gören arap taryhçysy Muhammet al Makdisi Kufeniň wajyp hem gözel rabatdygyny (galadygyny) onuň Abiwerdden 6 farsah (alty çakyrym), ýagny 36 kilometr (bir menzil) uzaklykda ýerleşýändigini ýatlap, bu şähere gelip girýän üsti ýapyk, bol suwly ýap hakynda täsinlik hökmünde ýazgy galdyrypdyr.Bu taryhy şäherde doglup, önüp-ösen meşhur şahslaryň biri Abulmuzaffar Kufeni edebiýaty, taryhy, arap dilini örän oňat bilýän güýçli alym bolup ýetişipdir. Tä giçki orta asyrlara çenli bu ýerde ýaşaýyş bolan hem bolsa Kufen kem-kemden çolaryp galypdyr.Orta asyr Kufeni öwrenmekde belli türkmen alym – arheology Ý.Atagarryýewiň köp hyzmatlary bitirendigini aýratyn bellemek gerek. Alym bu ýerde geçiren gözleg – barlag işleriniň dowamynda ençeme taryhy maglumatlary we gymmatlyklary jemledi.