logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Konstitusion özgertmeler-döwrüň talaby
  08.02.2020
949
Konstitusion özgertmeler-döwrüň talaby

    Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkezinde geçirilen dabaraly maslahat TDP-niň etrap komiteti tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň II mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de iki palataly saýlaw ulgamyna geçmek baradaky teklipleri işläp taýýarlamak boýunça “Konstitusion özgertmeler – döwrüň talaby” atly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

           Maslahaty TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Şageldi Baýramow açyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň II mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de iki palataly saýlaw ulgamyna geçmek baradaky teklipleri işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde şunuň bilen baglanyşykly kabul edilen çözgüdiň ähmiýeti barada gürrüň etdi.

           Maslahatyň barşynda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy Röwşen Hojageldiýew, Türkmenistanyň „Hormatly il ýaşulysy“, Babadaýhan etrabynyň Ak-wekil obasynyň ýaşaýjysy  Meretmuhammet Saparow dagy öz çykyşlarynda milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde iki palataly saýlaw ulgamyna geçirmek baradaky başlangyjynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Olaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini açyp görkezýär, raýatlyk wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şu ajaýyp işleriň gözbaşynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän bimöçber aladalary durandyr.