logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Saglyk /Kofe galyndysyndan nähili peýdalanmak bolar?
  16.04.2022
1138
Kofe galyndysyndan nähili peýdalanmak bolar?

Kofeni nädip demländigiňize garamazdan, elmydama ulanylan kofeni zyňmaly bolarsyňyz. Emma kofeniň demlenenden soň hem "ömri" uzaldylyp bilner. Kofeniň galyndysyndan şu aşakdaky usullar bilen peýdalanyp bolýar: kofe skrabyny ýasamak. Derini ajaýyp arassalaýar, ýaşardýar we tekizleýär. Skraby ulananyňyzdan soň nemlendiriji ulanyň. garynjalara garşy göreş. Garynjalar kofeni halamaýarlar, şonuň üçin öýüňizdäki garynjalardan dynmak üçin, şeýle hem otag güllerini olardan halas etmek üçin kofe galyndylaryny ulanyp bilersiňiz. Ýakymsyz yslardan dynmak. Kofe ajaýyp siňdiriji, şonuň üçin hem, öýüňizdäki tekjäňizden tutuş öýüňize çenli dürli yslardan aňsatlyk bilen dynyp bilersiňiz. Kofeni öýüňiziň dürli ýerlerine goýmazdan ozal guradylmalydygyny ýatdan çykarmaň, ýogsam çüýräp başlar. ýere bermek. Kofede ösümlikler üçin peýdaly boljak köp mukdarda witaminler we ýokumly maddalar bar. Şonuň üçin ulanylan kofeni ýapyk ýa-da tomusky kottej ösümlikleriňiz hasylly we owadan bolar ýaly toprak bilen garylyp bilner. 

Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.