logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Kim, haçan oýlap tapdy?
  15.10.2022
1978
Kim, haçan oýlap tapdy?

Häzirki wagtda biziň durmuşymyza haýsyda bolsa bir many berýän aňlatma diňe bir sözler bilen däl-de, eýsem dürli belgiler arkaly hem aňladylýar. Şeýlelikde, bu belgiler nireden gelip çykyp, olaryň nähili manysy barka? Ýagny, häzirki wagtda kompýuter klawiaturasynda ýerleşýän nyşanlaryň aglabasy elektron enjamlaryň peýda bolmagyndan has ir ýüze çykypdyr. Mundan başga-da, elektron poçtalardaky «@» belgisi hem kompýuter klawiaturasyndaky nyşanlary ýaly ýazuwda internetden we kompýuterden has öň ýüze çykandyr. Bu nyşan meşhur wenger dilçisi Stiwen Ulmannyň pikirine görä, Orta asyr monahlary tarapyndan latyn dillerinde ulanylypdyr.

Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi elektron poçta salgylarynyň iberilmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen 2004-nji ýylyň fewral aýynda «@» belgisi üçin Morse koduny hödürledi. Ýagny, bu kod latyn A we C harplaryny birleşdirýär we bilelikdäki grafiki ýazgyny baglanyşyk görnüşinde aňladýar. Şeýlelik bilen, ilkinji gezek nyşan 1971-nji ýylyň noýabrynda programmaçy Reý Tomlinson tarapyndan dünýäde ilkinji gezek şeýle e-poçta iberilmegi arkaly teklip edildi. Emma, Tomlinsondan ozal hem e-poçta bardy, ýöne onuň ady we domeni aýyrmak üçin «@» belgisini ulanmagy teklip eden ilkinji adam hökmünde kabul edildi.

«@» belgisi «arrub» arap sözünden gelip çykyp, «çärýek» diýmegi aňladyp, fransuz, portugal we ispan dillerinde «arroba» diýmekdir. Mundan başga-da, bu belginiň birnäçe ýurtlarda zoologik atlary bolup, polýaklarda bu belgä – maýmyn, ruslar we ermenilerde – it, taýwanlylarda – syçan, greklerde – ördek, italýanlarda we koreýlerde – suwöküz, wengerlerde – gurçuk, şwesiýa we daniýalylarda – pil magistraly, finlerde bolsa – pişigiň guýrugy diýmegi aňladypdyr. 

 

Pulat DOSMETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.