logo

Latest news:
✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦
Home / Interesting /Kim, haçan oýlap tapdy?
  13.10.2022
1183
Kim, haçan oýlap tapdy?

Irki döwürlerde howa şarlaryny ýasamak baradaky pikirler orta atylýar. Asmana ilkinji gezek batbörekler uçurylan hem bolsa, howa şary ilkinji howa ulagy hasap edilýär. Bu oýlap tapyş ýük we ýolagçy gatnatmak üçin amatly hasaplanýan ilkinji howa ulagydyr. Ýagny, bu başlangyçlaryň başyny iňlis alymy Genri Kawendiş 1766-njy ýylda wodorodyň howadan ýeňildiginiň üstüni açýar. Soňra bolsa 1767-nji ýylda şotlandiýaly fizik we himik Josef Blek wodorod bilen doldurylan ýeňil ulagyň uçup biljekdigini teklip edýär. Şeýlelik-de howa şary ilkinji gezek 1783-nji ýylda uçurylýar. Ýagny şol ýylyň 21-nji noýabrynda doganlar Žozef-Mişel Mongolfýe we Žak-Etýenn Mongolfýe Parižiň etegindäki La-Mýuett diýen ýerde ilkinji howa şaryny uçurýarlar. Şeýle hem, bu uçuş adamyň howa gämisindäki ilkinji uçuşy hasap edilip, onda howa gämisi 900 metrden gowrak beýiklige galýar we şäheriň üstünde 25 minuda ýakyn uçup, 9 kilometr uzakdaky Býut-o-Kaý diýen ýere gonýar. Şeýle hem howa gämisi howa ulagy hasaplanýan hem bolsa howa şarlary bir ýerden başga bir ýere gitmek üçin amatly hasap edilmeýär. Sebäbi olar ýeliň güýjüniň has köp täsirinde galyp, dolandyrmasy örän kyn bolýar. Şonuň üçin hem howa şarlary häzirki wagtda diňe belli ýerlerde syýahatçylyk maksady üçin ulanylýar.

 

Perman AMANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.