logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
  26.01.2026
486
Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hususy sektory goldamak we telekeçilik üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Häzirki zaman dünýä tejribesi görkezişi ýaly, kiçi we orta telekeçilik diňe bir önüm öndüriji däl, eýsem milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün edýän, innowasiýalary durmuşa ornaşdyrýan we täze iş orunlaryny döredýän esasy güýçdür.


Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän hukuk we maliýe binýady ýylsaýyn kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler hususy telekeçileriň döwlet bilen deňhukukly hyzmatdaşlygyna şert döretdi. Döwlet banklary tarapyndan kiçi we orta göwrümli önümçilik taslamalaryna berilýän pes göterimli we uzak möhletli karzlar telekeçileriň täze tehnologiýalary satyn almagyna badalga berýär. Önümçilik pudagynda täze işe başlaýan telekeçiler üçin döredilýän ýeňillikler olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.


Kiçi we orta telekeçilik ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutmakda uly sepgitleri eýeledi. Bu gün bazarlarymyzdaky we dükanlarymyzdaky azyk harytlarynyň, dokma önümleriniň we gurluşyk serişdeleriniň agramly bölegi ýerli telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýär.


Jemläp aýdanymyzda, kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde "altyn köpri" bolup hyzmat edýär. Döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldaw we telekeçileriň innowasion çemeleşmeleri ýurdumyzyň geljekde has-da gülläp ösmeginiň girewidir.

Aýhan NURÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.