logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady
  23.04.2025
2896
Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady

Häzirki zaman jemgyýeti maglumat tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen bilelikde kiber giňişligiň möhüm bir bölegine öwrüldi. Internet, sanly maglumatlar, onlaýn hyzmatlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ösüş bilen birlikde, maglumatlaryň we ulgamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçin hem kiber howpsuzlyk baradaky düşünje häzirki wagtda örän wajyp temalaryň biri hökmünde garaşylýar.

 

Kiber howpsuzlyk — bu maglumatlaryň, kompýuter ulgamlarynyň, serwerleriň, smart enjamlaryň we torlaryň awtorizasiýasyz girilmeginden, zyýanly hüjümlerden, ogurlykdan ýa-da bozulmakdan goralmagyny üpjün edýän çäreleriň we tehnologiýalaryň toplumydyr. Kiber howpsuzlygyň esasy maksady — maglumatlaryň gizlinligini, bitewiligini we elýeterliligini üpjün etmekdir.

 

Kiber howpsuzlygyň esasy ugurlary:

  • Maglumat howpsuzlygy: Şahsy ýa-da möhüm maglumatlaryň goragda saklanylmagy. Bu maglumatlaryň bikanun elýeterliligine garşy çäreleri öz içine alýar.
  • Tor howpsuzlygy: Kompýuter torlarynyň we internet ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün edýär.
  • Programma üpjünçiligi howpsuzlygy: Ulanylýan programma üpjünçilikleriniň zyýanly kodlardan we wiruslardan goralmagy.
  • Enjam howpsuzlygy: Smartfon, planşet, kompýuter ýaly enjamlaryň maglumat ogurlygyna garşy goralmagy.
  • Ulanyjy howpsuzlygy: Ulanyjylaryň öz şahsy maglumatlaryny we hasaplaryny nädip goramalydygyny öwrenmekleri.

 

Döwlet edaralaryndan başlap, hususy kompaniýalara çenli ähli guramalar üçin kiber howpsuzlyk örän wajypdyr. Bank ulgamynda, saglyk ulgamynda, bilim ulgamynda we beýleki ugurlarda maglumatlaryň goragy jemgyýetiň durnuklylygyny we raýatlaryň ynamyny üpjün edýär. Şeýle hem şahsy ulanyjylar üçin hem öz maglumatlarynyň howpsuzlygyny goramak, şahsy azatlyklarynyň we gizlinliginiň kepili bolup durýar.

 

Kiber howpsuzlyk häzirki zaman dünýäsi üçin diňe bir tehniki mesele bolman, eýsem jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy ähmiýete eýe bolan möhüm ulgamdyr. Her bir şahsyň, guramanyň we döwletiň bu ugurda degişli çäreleri görmegi, maglumatlaryň we ulgamlaryň goraglylygyny üpjün etmegi örän wajypdyr. Sanly giňişlikde howpsuzlygy üpjün etmek üçin jemgyýet bolup hereket etmek zerur bolup durýar.
 

Tawus ESENMÄMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.