Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Keselleriň öňüni alyş we maslahat beriş çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar
  21.04.2020
553
Keselleriň öňüni alyş we maslahat beriş çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar

    Ata Watanymyzda ildeşlermiziň sagdyn ýaşamagy, hususanda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent we şadyýan bolup ösmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Ine şunuň ýaly döwlet derejesinde edilýän aladalaryň biri hem ýaş nesili kesellerden goramak maksady bilen çagalary hemmetaraplaýyn lukmançylyk barlaglaryndan geçirmek çäreleri ýurdumyzyň orta mekdeplerinde giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Lukmançylyk barlaglary geçirilýän döwri ýüze çykarylýan keselleri dessin aradan aýyrmak üçin maslahat beriş işleri hem alnyp barylýar.

   Ine döwlet derejesinde badalga berlen bu düýpli lukmançylyk gözden geçiriş çärelerini ýokary derejede geçirmek üçin Gökdepe etrabynyň orta mekdeplerinde hem 2020-nji ýylyň 13-nji aprelinden başlap saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş barlaglary geçirilip başlady we häzirki günlerde hem mekdep okuwçylaryny hemmetaraplaýyn lukman gözegçiliginden geçirmek çäreleri üstünlikli dowam etdirilýär. Barlaglaryň ýokary guramaçylykly derejede örän işjeň häsiýetde netijesinde häzirki günde Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde ýerleşýän 1-nji, 12-nji, 14-nji, 18-nji, 23-nji, we 24-nji orta mekdeplerinde çagalary saglygy goraýyş we keselleriň öňüni alyş barlaglaryndan geçirmek çäresi ýokarda agzalan mekdeplerde doly derejede geçirildi. Beýle diýildigi bir hepdäniň dowamynda jemi 6517 sany okuwçynyň, her günde bolsa 1000-den gowrak çagalaryň düýpli lukmançylyk gözegçiliginde geçirildi diýmekdir. Bu saglyk ähmiýetli lukmançylyk barlaglary şu günki günlerde Gökdepe etrabynyň 2-nji, 22-nji mekdeplerinde dowam etdirilýär. Çagalary lukmançylyk barlaglaryndan geçirmekde Gökdepe etrap hassahanasynyň öz hünärlerine ussat lukmanlary ýadawsyz zähmet çekýärler. Has takygy gulak-burun, bokurdak lukmany, stomatolog lukmany, oftalmolog, deriwenerolog lukmany,pediatr lukmany şeýle hem uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin bolsa terapewt lukmanlardan düzülen toparyň agzalary ýokary derejede işjeňlik bilen lukmançylyk barlaglaryny geçirýärler.

   Şonuň ýalyda çagalaryň agramy, boýy we biliniň gurşawy hem şepagat uýalary tarapyndan ölçenilýär. Her bir çaganyň saglyk ýagdaýy düýpli barlanylyp, ol ýa beýleki bir kesel ýüze çykarylsa ýa-da çagada keselçiligiň alamatlary görünse, degişli lukmanlara ýüz tutmak we lukmanyň gözegçiliginde bolmak maslahat berilýär. Barlag döwründe çagalaryň saglyk ýagdaýlaryna örän dykgatly gözegçiligi amala aşyrmak bilen çagalarda göz keselleriniň, agyz boşlugy keselleriniň, gulak-burun, bokurdak keselleriniň, deri keselleriniň, çaga somatiki keselleriniň bolmazlygyna üns berildi. Şeýle hem çagalary iýmitleniş we durmuş endiklerinde näsazlyklary tarapyndan hem barlanylýar. Geçirilýän bu çäreler sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýip tanalýan eziz Türkmenistanymyzda il saglygynyň, ylaýtada ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.