logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Nature /Kebelekler barada
  05.05.2023
2351
Kebelekler barada

Kebelekleriň 200 müňe golaý görnüşi bardyr. Kebelekler birnäçe gün ýaşamak üçin dünýä gelendir. Diňe bir görnüşi 6 aýdan 10 aýa çenli ýaşap bilýär. Onuň ganatlaryndaky şekilleriň ikisi hem meňzeşdir. Olar duran ýerinde iýmitlenýärler. Sebäbi bu jandaryň tagam duýujylygy aýagynda ýerleşendir. Bu jandar gülleriň şiresi, ir-iýmişleriň şiresi, ary baly bilen iýmitlenýärler. Kebelekleriň hiç zat iýmän ýaşaýanlary hem bar. Sebäbi olar heniz kebelek gurçugy wagty iýmitlenen iýmitiniň gory bilen ýaşaýarlar.

Arylardan soň kebelekler tozanlandyryjy jandarlara girýärler. Ýewropada onuň owadanlygyna guwansalar, Hytaýda, Hindistanda, Günorta Amerikada uly höwes bilen ondan tagam taýýarlaýarlar. Stokgolmda içi gülli kebelekli hassahana bolup, ol ýerde adamlar rahatlanmak üçin bejergi alyp saglyklaryny berkidýärler. Ýaponiýada öýüňde uçup ýören kebelegi görmeklik bagta ýorulýar. Iň uly gije uçýan kebelegiň ganatyny ýaýanda uzynlygy 30 santimetr bolup, ony käwagt guş bilen çalyşýarlar.

Iň çydamly kebelegiň ady «Monarh» bolup, ol müň kilometre golaý durman uçup bilýär. Käbir kebelegiň uçmagy üçin oňa Günüň ýylylygy zerur. Kebelekler 4 döwür esasynda kemala gelýärler: Olar ýumurtgadan gurçuga, gurçukdan gurjaga, ondan soň kebelege öwrülýär. Kebelek bir gezekde bir milliona golaý ýumurtga taşlaýar. Bu jandaryň iň çylşyrymly agzasy gözüdir. Ol alty müň bölejikden, ýagny linzadan ybaratdyr. Olaryň käbirleriniň ýokary uçuş tizligi sagatda 60 kilometre çenli ýetip bilýär. Kebelekler eşidenok, ýöne hereketi duýujylygy welin güýçlüdir. Bu bolsa oňa garşydaşyndan goranmaga ýardam berýär. Olaryň goranyşy täsindir. Kebelege topulan onuň jansyz bolup ýatyşyna ynanyp, degmän gidýär. Bu jandarlar Gyzyl kitaba owadanlylygy üçin girizilendir.

 

Medine ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.