logo

Latest news:
✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦
Home / Interesting /Kappadokiýadaky täsin «daş kömelekler»
  14.10.2022
1083
Kappadokiýadaky täsin «daş kömelekler»

Daşky dünýämiz  täsin gözelliklerden, geň galdyryjy ýerlerden we täsirli açyşlardan doly. Şeýle ýerleriň ençemesi täsinligi hem gözelligi bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de Türkiýäniň gözel künjekleriniň biri bolan Kappadokiýadyr.

Kappadokiýa – Kiçi Aziýanyň gündogarynda, häzirki Türkiýäniň çäginde ýerleşýän sebit bolup, diýseň owadan görnüşi bilen meşhurdyr. Bu sebitiň esasy aýratynlygy hem «daş kömelekleri» diýlip atlandyrylýan özboluşly sütünleridir. Konus şekilli bu sütünler siňe seretseň, hamala ýerden ösüp çykan kömelek ýaly bolup görünýär. Sütünler geomorfologiki nukdaýnazardan, iki sany hadysanyň, ýagny wulkanyň işjeňliginiň we erroziýanyň netijesidir.

Sütünleriň käbiriniň beýikligi 40 metre çenli ýetýär. Irki wagtda, takmynan on million ýyl ozal bu sebitiň territoriýasynda wulkanyň işjeňliginiň has-da güýçlenmegi netijesinde ençeme tektoniki hadysalar ýüze çykyp, bu zonanyň tebigy ýagdaýyna öz täsirini ýetiripdir. Bu hadysalar netijesinde giň meýdanda galyňlygy 100-300 metre deň bolan çökündi gatlagy emele gelip, uly belentligi emele getiripdir. Soňra suw erroziýasynyň netijesinde çökündiler belli derejede ýok edilip, diňe sütün görnüşli daş gaýalary saklanyp galypdyr. Her sütüniň ýokarsynda hem «gapak» görnüşli daş bölegi bar. Wagtyň geçmegi sebitde wulkan işjeňligi we erroziýa hadysalary azalyp, täsiri peseldi. Häzirki wagtda bolsa bu ýerde özüniň täsin «daş kömelekleri» ady bilen meşhur bolan daş sütünleri emele gelip, bu tebigy görnüş syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Üstünden ençeme wagtyň geçendigine garamazdan bu daş sütünleri asyl durkuny saklamak bilen tebigat täsinlikleriniň hem-de ajaýyplygynyň üstüni ýetirýär.

 

Muhammet BATYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.