logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Kanundaky wajyp özgerişler
  23.02.2020
854
Kanundaky wajyp özgerişler

      Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komiteti hem-de Bäherden etrap kazyýeti, Bäherden etrap prokuraturasy bilen bilelikde Arçman şäherçe medenиýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda “Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmegiň ýolunda” atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

    Bu maslahatda çykyş edenler “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ýurdumyzyň syýasy – jemgyýetçilik durmuşynda örän ähmiýetli wakalara baý boljakdygyna häzirki wagtda amala aşyrlýan demokratik özgertmeler, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda, 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarda geçiren Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisi “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalary girizmegiň kanun çykaryjy edaralarynyň iki palataly gurluşyny döretmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli wakalaray şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň mejlisinde eden taryhy çykyşy we onda garalan meseleler dogrusynda wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyna üns çekmek” hakynda çykyş etdiler.

     Maslahatyň dowamynda çykyş edenler “Türkmenistan – Bitaraplagyň Mekany” ýylynda halkymyzy eşretli durmuşa alyp barýan we ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.