Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly üns berilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, täze innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgama geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» mysal getirmek bolar. Watanymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, wideo, audio materiallary, interaktiw-multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.
Gün-günden ösüşlere, kämillige beslenýän Ata Watanymyzda ähli ugurlar boýunça ýeňişlere, täze belentliklere ýetmekde döwrebap ösüş ýollaryny saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda okuw maksatnamalary, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Ýurdumyzyň ösüşini ýokarlandyrmaga, döwrebaplaşdyrmaga kämil tehnologiýalaryň orny örän uludyr.
Alnyp barýan maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün edýär. Netijede, döwletimiz dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşýar. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Bulardan başga-da, hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Bilimiň we ylmyň adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdygy ählimize mälim bolan düşünjedir. Çünki ylym adamzady kämilleşdirýän, daşky dünýä düşünmäge ýol açýan, yzygiderli özleşdirilýän gymmatly baýlykdyr.
Artykbaý MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.