logo

Latest news:
✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦
Home / Science and Education /Kämil ýaşlar kemala gelýär
  05.11.2022
815
Kämil ýaşlar kemala gelýär

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol syýasatyň esasynda döwletimizde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, iň kämil tehnologiýalary ulgama giňden ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwri zamanabap tehnologiýasyz göz öňüne getirmegem kyn. Çünki bedew batly ösüşli döwürde bütin dünýäde innowasion özgertmeler amala aşyrylyp, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gidýän ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesliň giň gözýetimli, sowatly bolup ýetişmegi üçin uly alada edilýär.

Soňky ýyllarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady sanly bilimiň serişdeleri, elektron aragatnaşyklary, öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly yzygiderli pugtalandyrylýar. Sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek indi orta mekdeplerden başlanýar. Biz hem okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berkitmek üçin kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Mekdeplere ornaşdyrylan innowasion we sanly tehnologiýalar okatmagyň hiliniň dünýä ölçegleriniň kadalaryna we talaplaryna laýyk gelmegine uly mümkinçilik döredýär.

Goý, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, hünärli, bilimli ýaşlary ýetişdirmekde ähli tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç alsyn! 

 

Mekan ANNABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.