logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Kakam» - Çemen ANNABERDIÝEWA
  22.06.2023
1073
«Kakam» - Çemen ANNABERDIÝEWA

Çagalygma bolup boýun,
Egne alsaň, uzyn boýum,
Ýeňiji — men, etseň oýun,
Kakam — arkadagym meniň.

Aýtsam diýýän saňa kän zat,
Ýaşkam, belki, berdim azap,
Hiç görmedim gözde gazap,
Kakam — göwündeşim meniň.

Il saldarlap görüp, maňa
Meňzeýäň diýdiler saňa,
Başga ne bagt bar balaňa,
Kakam — mähribanym meniň.