Türkmenistanyň günorta çäginde b.e.öňki VII-VI-nji müňýyllyklaryň sepgidinde neolit (grekçe neos - täze, latynça litos - daş diýmegi aňladýar, täze daş asyry) eýýamy başlanýar. Neolit Türkmenistanyň howa şertleriniň amatly pursadyna gelosen döwrüniň gelmegi bilen başlanýar. Elbetde, amatly howa şertleri ekerançylygyň we maldarçylygyň ösmegine täsir edýär. Şeýlelik-de Aşgabadyň 27 km demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän Jeýtun kakyň golaýyndaky gadymy oturymly ekerançylyk ýeri alymlaryň ilkinji bolup ünsüni özüne çekdi. Şol görnüşdäki neolitik obalar arheologik ylmynda kabul edilen däbe eýerip, şertli at bilen «Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärlikler» diýip atlandyrylýar. 15-e golaý oturymly ýerleriň üsti açylýar we oňa «Jeýtun medeniýeti» ady berilýär. Jeýtun medeniýetli obalar başga-da günbatarda Bamydan, gündogarda Mäne we Çäçä çenli aralyga uzalyp gidýär.
Günorta Türkmenistanyň dag eteklerinde ýaşan taýpalaryň oturymlaşan durmuşa geçmeginde tebigy şertler uly rol oýnapdyr. Köpetdag eteklerinden çykan çeşmeleriň aýaklaryndaky suwuň basýan peslikleri ilkinji ekin meýdanlary bolup hyzmat edipdir. Ýönekeý ekerançylyk we maldarçylyk hojalygyny alyp barmaga ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşypdyrlar. Bu ilkinji ekerançylyk sepme usulynda alnyp barylýar, ýagny ýere tohum sepmek sözünden gelip çykypdyr. Neolit döwürinde-de häzirki döwürdäki ýaly gurak ýokary derejeli gyzgyn howa şertleri bolan bolsa, sepme usulyndaky ekerançylyk başa barmazdy. Ol döwrüň mylaýym, çygly, amatly howa şertleri esasynda ekerançylyk we maldarçylyk ösdürilip başlanypdyr. Köpetdagda bitýän ýabany däneli ekinlerde oňa oňaýly şert döredipdir. Däne ekinini emeli ýol bilen ösdürilip ýetişdirmegiň ilkinji esasyny goýanlar Jeýtunlylar bolupdyr.
Jeýtunlylar birmeňzeş ýaşaýyş jaýlar gurupdyrlar. Jaýlar palçykdan inedördül görnüşli giň bir otagdan ybarat bolup, olar diňe öz möçberi boýunça bir-birinden tapawutlanypdyr. Gapylary darajyk bolup haýwanlaryň derileri ýa-da gamyş bilen ýapypdyrlar. Käbir jaýlaryň gapdallarynda hojalyk maksatlary üçin otaglar hem salnypdyr. Jaýlaryň ortaça meýdany takmynan 23,5 m2 metre deň bolupdyr. Gapysy gündogar diwarda goýlupdyr. Ondan kiçiräk howla çykylypdyr. Käbir jaýlaryň diwarlaryna ýanaşdyrylyp, galyňlygy 35-40 sm., beýikligi 40-45 sm. bolan üç sany ugurdaş diwarjyklar salnypdyr. Otag diwarlary köp mukdarda saman garylyp toýun palçyk bilen suwalypdyr. Kähalatda suwagyň üstünden gara ýa-da gyzyl reňk çalypdyrlar. Poly 1-1,5 sm. galyňlykdaky alebastr palçygy bilen örtülip, gyzyl ýa-da gara reňk bilen reňkläpdirler. Alymlaryň çaklamagyna görä gyzyl reňki ösümlikleriň kökünden, gara reňki bolsa ojagyň ýanygyndan alypdyrlar. Demirgazyk-günbatar diwarynda ojak gurlupdyr we diwarda tekjeler edilipdir. Alymlaryň çaklamagyna görä gap-gaç ýa-da beýleki ownuk zatlar goýan bolmaklary mümkin we şeýle jaýlarda 5-6 adamdan ybarat bolan maşgala ýaşapdyrlar. Urug öýleri hem adaty ýaşaýyş öýleriniň ýerleşişi ýaly-da, ýöne möçberi boýunça uly bolupdyr. Ähtimal ol Pessejik depedäki ybadathana meňzeş ybathana bolandyr. Jeýtun medeniýetiniň ikinji faza döwründe «Urug öýi» ýüze çykypdyr. Onuň demirgazyk-günbatar diwarynda gapdaly şekilli uly ojak gurlupdyr. Ojagyň garşysyndaky diwaryň ýarym aýa meňzeş relýefi çykgydy bar, ähtimal onuň dessur ähmiýeti bardyr.
Jeýtunlylar ilkinji küýzegärler bolupdyrlar. Ilkinji keramiki önümleri köp dürli bolmandyr. Keramikadan ýasalan gaplar esasan dört görnüşde bolupdyr, olar: gazanjyklardan, küýzelerden, jamlardan we saçlardan ybaratdyr. Gap ýasalýan laýyň düzümine saman hem goşupdyrlar. Gaplaryň käbir ýerlerinde jaýryklaryň bolmagy olaryň tekiz bişirilmedigine şaýatlyk edýär. Gaplar elde lenta görnüşinde ýasalypdyr. Olaryň ýüzi egri, tolkun we nokat görnüşli şekiller bilen bezelipdir. Toýun palçykdan düýbi ýasy gap-gaçlar ýasap, olary bişirmäni, reňklemäni galyberse-de göni, egri-bugry çyzyklardan ýönekeý nagyş görnüşinde bezemäni başarypdyrlar.
Maldarçylykda bolsa ownuk şahly mallary eldekileşdiripdirler. Ilkinji eldekileşdiren haýwanlary bolsa itlerdir. Jeýtundan eldekileşdirilen geçiniň süňki tapylypdyr. Jeýtunlylylar aw awlamak, balyk tutmaklyk bilenem meşgullanypdyrlar. Jeýtundan tapylan zähmet gurallarynyň içinde çakmak daşyndan, süňkden ýasalan gurallar agdyklyk edýär. Oturymly ekerançylykly obanyň bolmaklygy ilatyň köpelmegine getirýär. Ilat maşgala görnüşinde ýaşap, her bir maşgalanyň hojalyk, gap-gaçlary, bezeg şaýlary maşgala degişli jaýlarda saklanypdyr. Emma iýmit artykmaçlygy, ýagny galla bütin oba üçin umumy jaýda saklanypdyr. Şeýlelik-de Jeýtunlylaryň zähmetide, hojalygyda köpçülikleýin bolupdyr. Munuň özi jemgyýetçilik gatnaşygynda enelik urugyna degişlidir.
Jeýtunlylar tebigat bilen ýakyndan iş salşypdyrlar. Olar öz obalaryndan has uzak ýerlere gerek zatlaryny gözläp gidipdirler. Köpetdagdan çakmak daşyny (zähmet gural üçin) getiren bolsalar, Hazar deňziniň kenaryndan bolsa, balyk gulaklary (bezeg üçin) getiripdirler.
Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre: irki, orta we giçki döwürlere bölünýär. Onuň irki döwrüne Jeýtundepäniň özi, Çopandepe, Togalakdepe degişlidir. Ortaky döwrüne: Pessejikdepe, Çopandepe we başga-da Gökdepe etrabyndaky ýadygärlikler bu medeniýetiň ortaky döwrüniň ýadygärligidir. Giçki döwrüne: Mäne bilen Çäçe aralygyndaky Çagyllydepäni agzamak bolar, sebäbi häzire çenli diňe şu ýerler öwrenildi. Olaryň öwrenilmegi baryp 1904 ýylda amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi bilen başlanypdy. Şol döwürde ok-ýaý oýlanyp tapylypdyr, galyberse-de Çopandepeden diametri 5 sm bolan birnäçe sapan oklary (şar şekilli togalak daşlar) tapyldy. Jeýtun medeniýetine degişli eksponatlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Gadymy dünýä» zalynda görmek bolýar. Bu ýerde gadymy daş asyryna (paleolit) degişli eksponatlardan başlanýar. Hazar ýakasyndaky Gubaseňir – burnundan A.P. Okladnikow tarapyndan tapylan monjuk ussahanasynyň ülňüsiniň dioramasyny we birnäçe toýun gaplarynyň böleklerini, daşdan ýasalan gurallar: owguç, soky daş, daş kätmeni ýaly haýran galdyryjy eksponatlary görmek bolýar.
Gadymy taryhy öwrenmekde A.P.Okladnikowyň, A.A.Maruşenkanyň, A.M.Mandelştamyň we G.F.Korobkowyň bitiren işleriniň ähmiýeti uludyr.
Biz – muzeý işgärleriniň paýyna bolsa şol eksponatlary öwrenmek, aýap gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek düşýär. Bu işleri ýerine ýetirmekde bize Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz uly goldaw, hemaýat berýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda işlemek, döretmek, ýaşamak hasam ajaýypdyr. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsunlar. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljuma NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.