logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Innowasion tehnologiýalar — döwrüň zerurlygy
  25.10.2022
2551
Innowasion tehnologiýalar — döwrüň zerurlygy

Innowasion tehnologiýalar ynsan durmuşyny juda ýeňilleşdirdi. Olar ähli ugurlarda giň gerimde ulanylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýete geçmek babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Munuň aňyrsynda wagty tygşytlamak, iş ýöredilişini çaltlandyrmak, tehnologiýany ösdürmek we bu babatda ýaşlaryň başarjaňlygyny artdyrmak ýaly esasly bähbitler ýatyr.

Tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi, täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen döwrüň talaby özgerýär. Häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde wagt esasy gymmatlykdyr. Wagty tygşytly ulanyp, meýilnamany takyk ýerine ýetirmek bazar gatnaşyklarynyň baş şertidir. Elektron resminamalaryň elýeterliligi, olaryň gorag üpjünçiliginiň berkligi, ýurduň islendik künjeginden zerur resminamalary edinmek mümkinçiligi ýaly şertler ildeşlerimiz üçin amatly maglumat gurşawyny emele getirýär. Häzirkizaman kompýuter programmalary elektron resminamalarynyň goragyny üpjün etmekde täze serişdelere baý. Dürli görnüşli amallary, hyzmatlary ýerine ýetirmekde hem sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr.

Dünýä ylmynda döredilen iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige, ylym-bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy hökmanydyr. Häzirki zaman ylmynda tehnologiýalar we kompýuterleşdirilen enjamlar örän wajyp orny eýeleýär. Olaryň hersiniň hem ylma özboluşly täsir etmegi kompýuterleşdirilen enjamlary ulanmakda täze usulyýet gözlegleriň, ylmy-gözleglerde täze ylmy ugurlaryň ýüze çykmagyna we ylmy gözlegleriň iş usulynyň üýtgemegine uly itergi berýär. Kompýuterler ylmy gözlegleriň ähli tapgyrlaryny öz içine jemlemek bilen, olaryň netijeliligini ýokarlandyrýar. Çünki tehnologiýalaryň ösmegi, aýratyn-da, ylmy gözleglerde gerekli, zerur bolan dürli edebiýat çeşmelerini tapmak we gözlemek işlerinde gymmatly wagtyňy tygşytlamaga, saýlanyp alnan ylmy-barlag iş boýunça anyk meseleleri we maksatlary düzmekde ýeňillikleri döredýär.

Ata Watanymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürýän we türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Rejepmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.