logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary
  14.05.2026
291
Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şol dilleriň arasynda iňlis dili möhüm orun eýeleýär.

 

Häzirki wagtda iňlis dili dünýäniň köp döwletlerinde halkara gatnaşyklaryň, ylmy gözlegleriň, maglumat tehnologiýalarynyň we işewürlik hyzmatdaşlygynyň esasy dili hökmünde giňden ulanylýar.

 

Iňlis dilini bilmek adamlara dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklary bilen erkin aragatnaşyk saklamaga, bilim we tejribe alyşmaga, täze maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internet ulgamyndaky ylmy maglumatlaryň, okuw kitaplarynyň we elektron çeşmeleriň uly bölegi iňlis dilinde ýerleşdirilendir. Şonuň üçin bu dili öwrenmek ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we olaryň bilim derejesini ýokarlandyrýar.

 

Türkmenistanda iňlis dilini öwretmek boýunça alnyp barylýan işler netijesinde ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda we forumlarda üstünlikli çykyş edýärler. Bu bolsa olaryň döwrebap bilim alyp, dünýä derejesinde bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

 

Aýgül ATAÝEWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.