Şu ýyl Türkmen döwlet maliýe institutynda uçurymlar taýýarlygyň täze ugurlary boýunça okuwyny tamamladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.
Tamamlanan okuw ýylynda uçurymlar «Maliýe», «Maliýe seljermesi», «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Salgytlar we salgyt salmak», «Ätiýaçlandyryş işi», «Birža işi», «Buhgalterçilik hasaby we audit» hünärleri boýunça okuwyny tamamladylar.
Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu waka şu ýyl aýratyn häsiýete eýe boldy, çünki onuň esasy gahrymanlarynyň hataryna «Maliýe menejmenti» hem-de «Ykdysady informatika» diýen täze ugurlaryň uçurymlary goşuldylar. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepde «Halkara maliýe» ugry boýunça bakalawrlaryň, şeýle hem «Telekeçilik we maliýe» ugry boýunça magistrleriň ilkinji gutardyşy boldy.
Uçurymlar okuw döwürlerinde öz hünärleri boýunça ýeterlik derejede nazary we amaly bilimleri aldylar. Olar tejribeliklerinde geljekde işlerini üstünlikli alyp barmaklary üçin goşmaça başarnyklary edinmäge mümkinçilige eýe boldular. Okuw döwründe daşary ýurt dilleriniň hem-de sanly tehnologiýalaryň öwredilmegine hem aýratyn üns berildi.
Dabaranyň dowamynda institutyň ýolbaşçylarynyň, professorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň adyndan uçurymlara mähirli gutlag sözleri aýdyldy we ak ýol arzuw edildi.