logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Ilkinji türkmen antiwirusy — «Milli One Endpoint Security» tanyşdyryldy
  11.11.2022
1692
Ilkinji türkmen antiwirusy — «Milli One Endpoint Security» tanyşdyryldy

Paýtagtymyzda geçirilen 15-nji «Türkmentel—2022» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Tehnomerkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ tarapyndan bilelikde taýýarlanan ilkinji türkmen antiwirusy bolan «Milli One Endpoint Security» köpçülige tanyşdyryldy.​

Ilkinji türkmen antiwirusy «Windows» we «Mac» porogramma üpjünçiligini goldaýan ähli gurluşlarda işleýär. Antiwirusda poçta, web howplaryna we tor hüjümlerine garşy gorag modullary bar, şeýle-de ol gizlin zyýanly programma üpjünçiliginden goraýar. Şeýle hem bu täze türkmen antiwirusyny işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, antiwirus aýratyn serwer ýa-da howpsuzlyk syýasaty talap etmeýär.​ Ulanyjylar internete biriken pursatlaryndan antiwirusyň goragyndan peýdalanyp başlaýarlar.