Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Elektron söwda ulgamy - bazar hojalygynyň täze görnüşi ✦ ✦ Maglumat jemgyýetiniň strategiki ugurlary ✦ ✦ Dünýä logistikasynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sanly tehnologiýanyň daşary ýurt dillerini öwrenmekde ähmiýeti ✦ ✦ Nebit-gaz ulgamy ösüşlere beslenýär ✦ ✦ Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanda bank hyzmatlarynyň sanly görnüşleri ✦ ✦ Ýeriň daşynda magnit meýdanynyň täsiri güýçlenýär ✦ ✦ Dünýä 6G ulgamyna geçýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ildeşlerimiz Halkara Robototehnika bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler
  02.11.2022
760
Ildeşlerimiz Halkara Robototehnika bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Golaýda, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde «FIRST Global Challenge 2022» — Halkara Robototehnika bäsleşigi geçirildi. Oňa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi robot önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen ýaşlarynyň köpdüginiň, mekdep okuwçylarymyzyň dünýä ylmyndan, soňky tehnologiýalardan kämil baş çykarýandygynyň dünýä derejesinde nobatdaky ykrarnamasy boldy.

Halkara Robototehnika bäsleşigine 162 döwletden wekiller — mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan milli ýygyndy toparlar gatnaşdy. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdepden robot önümçiligi bilen içgin gyzyklanýan 11-nji synp okuwçylary — Jelaleddin Gylyçmuhammedow, Arslan Polatow, Nurmämmet Nazarow, Pirguly Öwezow, Polat Baýramow dagy bäsleşikde şowly çykyş edip, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek belende göterdiler.

Ýurdumyzyň ýygyndy topary saýlama tapgyrda 12 oýna gatnaşyp, gowy netijeleri görkezdi. Bäsleşigiň dowamynda oýunlardan başga-da, topar bolup işlemek, halkara syýahatçylyk, inženerçilik dizaýny ýaly dürli ugurlar boýunça ýygyndy toparlaryň robototehnika bilen bagly eden işlerine hem baha berildi. Zehinli mekdep okuwçylarymyz dünýäniň 162 döwletiniň arasynda 7-nji ýere mynasyp bolup, iň gowy 32-ligiň düzümine girmegi başardylar. Netijede, milli ýygyndymyz bäsleşigiň «Eminleriň baýragy» ugry boýunça ýeňijisi bolmagy başardy we ýokary baha mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň her birine altyn medal gowşuryldy.

Türkmen ýaşlarynyň bu halkara üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesle iň ýokary hilli bilimleriň berilýändigini, sanly bilim ulgamynyň barha kämilleşýändigini, ýaşlaryň tejribeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin iň zerur şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Zehinli ýaşlarymyza geljekde tehnologiýa dünýäsinde diňe şowly pursatlary, şanly menzilleri, şöhratly ýeňişleri arzuw edýäris!

 

Ogulmaral KAKABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň mugallymy.