Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň her ýylyň 1-30-njy apreli aralygynda eziz Watanymyz Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini geçirmek barada kabul eden Karary bütin halkymyzda çäksiz hoşallyk döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan bu giň möçberli çäre umumy ruhy galkynyşy döretmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly adamlaryň müňlerçesini bir ýere jemledi. Bu çärede Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramydyr. Milli senenamamyzda girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özüne jemleýän baýram iziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär” – diýip, belläp geçdi.
Köp wagtlap milli saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýralanyldy we häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda adam ömrüniň uzaklygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak babatda Ahal welaýatynyň ähli künjeginde medeni-sport çäreleri gurnalyp, halkymyzyň beden hem-de ruhy-ahlak taýdan arassa we sagdyn bolmagy üçin döwrebap lukmançylyk edaralary, dynç alyş öýleri, sport mekdepleri we stadionlar gurlup halkyň hyzmatyna hödürlendi.
Il saglygy-ýurt baýlygy. Çünki adamyň we maşgalanyň diňe bir abadançylygy, zähmeti babatda zerur göwnejaý şertleriň döredilmegi medeniýetiň derejesini, döwlet dolandyrylyşynyň netijeligini has aýdyň görkezýän ölçeg bolup durýar. Milli Liderimiziň durmuş syýasaty diňe bir ykdysady bähbitlere däl-de, ilkinji nobatda ruhy-ahlak ýörelgelere we maksatlara gönükdirilendir. Durmuşa degişli ähli maksatnamalar şunuň bilen baglylykda işlenip düzülýär, şolaryň arasynda sagdynlyga degişli köpçülikleýin häsiýetli çärelere aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nobatda ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportyň ösdürülmeginiň uzak möhletleýin umumy milli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen geçirilýän sport bir aýlygynyň çäklerinde Ahal welaýatynda göreş, welosiped sporty, umumymilli Spartakiadalaryň we sportyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň guralmagyny, sportuň maddy tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürülmegini görkezmek bolar.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimizin jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli tutumly işleri mundan beýlakde hemişe üstünliklere beslensin!