logo

Latest news:
✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦
Home / Science and Education /Iki asyryň bilim ojagy
  09.10.2019
1026
Iki asyryň bilim ojagy

     Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» obasynda mundan 76 ýyl ozal gurulan bir mekdep bar. Häzirki wagtda ol «Berdimuhammet Annaýewiň mekdep muzeýi» diýlip atlandyrylýar. Bu ýere gelýän myhmanlar Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda gurulan mekdebiň häzire çenli bir durkuny saklap gelenligine haýran galýarlar.

     Uruşda agyr ýaralanyp oba dolanyp gelen edermen esger ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýew ýene-de mugallymçylyk kärini dowam etdirýär. Kynçylyklardan çekinmän, müdirlik edýän mekdebiniň täze binasynyň düýbüni tutýar. Tejeniň aýagujyndaky gum obalyryň çagalaryny ak mekdepde okatmak baradaky arzuwyny amala aşyrmak üçin yhlas baryny edýär. Täze mekdebe gerekli gurluşyk materiallaryny 80-90 kilometrlikdäki Tejeniň demir ýol stansiýasyndan düýeli, eşekli, käteler arabaly çekmeli bolýar. Bu işde oba adamlary-da Berdimuhamet mugallyma ýakyndan kömek berýär, halk bähbitli işini goldaýarlar.

      Oba adamlarynyň yhlas bilen guýan çig kerpiçleri ýörite kürelere örülip bişirilýär. Ýandagyň oduna bişirilen kerpiçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Mekdep jaýynyň biziň günlerimize çenli durkuny ýitirmänligi-de oňa arassa, halal zähmetiň, öňdengörüjilik yhlasynyň siňdirlenligindedir.

       Bu gün halypa mugallymyň gurduran ak mekdebi şol döwürdäki iş, synp otaglary, ulanylan esbaplary,okuwçy partalary, synp tagtalary, okuw-görkezme esbaplary, döwrüň syýasy ýolbaşçylarynyň diwardaky suratlary bilen çar tarapdan yzygiderli gelýän myhmanlary gujak açyp garşylaýar. Berdimuhamet Annaýewiň mekdebi iki asyryň bilim ojagy boldy. Onuň gujagyna dolanlar halypa mugallymyň ruhuna baş egip, edep-terbiýe bermegiň, çagalary sowat-bilimli etmegiň milli ýörelgesini öwrenip gidýärler.

      Her gezek Berdimuhamet Annaýewiň mekdep-muzeýine gelenimde, ajaýyp döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde alyp barýan asylly işlerine buýsanýaryn. Şonda «Ata kesbi ogla halal diýileni-dä» diýenimi duýman galýaryn.