logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli tamamlandy
  25.04.2025
1004
II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli tamamlandy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän şu günlerde, paýtagtymyz Aşgabatda halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu halkara bilim bäsleşiginiň jemleýji dabarasy täsirli we ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

 

21-26-njy​ aprel aralygynda Aşgabatdaky 131-nji mekdepde II Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu ýaryşa dünýäniň 15 -den gowrak ýurdunyň 200 -den köp mekdep okuwçysy gatnaşdy.

 

Türkmenistanyň halkara matematika olimpiadalaryna eýýäm iki ýyl bäri üstünlikli taýdan eýeçilik edýändigini bellemek gerek. Geçen ýyl Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika bäsleşigi şu ýyl paýtagtymyzda geçirildi.

 

Şu gün olimpiadanyň jemleri jemlenip, 131-nji mekdebiň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew​ bilen Türkiýe Respublikasynyň milli bilim ministri Ýusuf​ Tekiniň​ ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

 

Dabarada ilki bilen, Türkiýäniň milli bilim ministri Ýusuf​ Tekine​ söz berildi. Ol öz çykyşynda türkmen-türk bilim hyzmatdaşlygynyň ösüşine kanagatlanma bildirip, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň goldawlary bilen bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga çalyşjakdyklaryny aýtdy.

 

Dabarada dürli ýurtlardan gelen topar ýolbaşçylary hem çykyş edip, şeýle ýokary derejede guralan bäsleşik üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdiler.

 

Dabaranyň iň tolgundyryjy pursady ýetende, bürünç medal gazanan okuwçylar sahna çykaryldy we baýraklary gowşuryldy. Soňra kümüş we altyn medal alan okuwçylar baýrak bilen sylaglandy. Altyn medal gazananlara baýraklary Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew​ bilen Türkiýäniň milli bilim ministri Ýusuf​ Tekin gowşurdy.

 

Ýurdumyzyň okuwçylary bäsleşige işjeň gatnaşyp, 5 altyn, 9 kümüş we 17 bürünç medal gazanyp, jemi 31 medala eýe boldylar.

 

Toparlaýyn netijede Wýetnam 6 altyn medal bilen birinji orna, Türkmenistan 5 altyn medal bilen ikinji orna, Özbegistan bilen Hytaý bolsa 4 altyn medal bilen üçünji orna mynasyp boldular.

 

Şeýle-de Saud Arabystany, Katar, Türkiýe, Eýran, Ermenistan, Belarus, Täjigistan ýaly döwletleriň okuwçylary hem baýrakly orunlary eýelediler.