Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Hoşboý ysly otag ösümlikleri barada
  27.04.2023
950
Hoşboý ysly otag ösümlikleri barada

Hoşboý ysly ösümlikler hemişe hem gymmatlydyr. Olar irki wagtlardan bäri dürli tagamlar taýýarlanylanda işjeň ulanyldy, ýüzlerçe keselden dynmak üçin we bezeg hökmünde peýdalanyldy. Olary diňe bir daşky şertde däl, eýsem adaty otag şertinde hem gowy ösýär. 

Näme üçin öýde olary ösdürip ýetişdirmeli? 

• Otagdaky ysly ösümlikleriň hoşboý ysy şähdiňi açmaga, sazlamaga we keýpiňi ýokarlandyrmaga kömek edýär.

• Eliňizde elmydama islendik tagam taýýarlamak üçin ulanyp boljak täze, ter otlar bolar. Şeýle hem olar jaýyň içine ýakymly ysy ýaýradýar, egin-eşikleriň arasynda goýlanda hem ähmiýetli bolýar.

Ekmek üçin ysly otlardan, mysal üçin lawandanyň köküň birnäçe bölegini gazyp, küýzejige ýerleşdirip bolar. Mundan başga-da, küýzelerdäki otlar diňe ýöriteleşdirilen bag merkezlerinde däl, eýsem adaty gül dükanlarynda (ýapyk ösümlikler bölümlerinde), hatda adaty azyk dükanlarynda-da satylýar. Köpüsini bolsa tohumdan ekip bolýar. Emma bu ýagdaýda hasyla has uzak garaşmaly bolar. 

Öýde hoşboý ysly ösümlikleri ýetişdirmek üçin näme gerek? 

Ýörite deşijekleri bolan küýzejikler, gurply toprak islenilýän ösümligiň tohumy ýa-da beýleki beden agzalary zerur. Olar üçin toprak garyndysy ýumşak we ýokumly bolmaly. Gumus ýa-da gowy çüýrän kompost, torf we gum, 1: 2: 0,5 gatnaşykda edilýär. Şeýle hem ösümlikleri güýz-gyşda ösdürip ýetişdirmek üçin fitolampa ulanylýar. Çünki güýzde ýa-da gyşda ösümlikleri ösdürip ýetişdireniňizde goşmaça yşyklandyryş gerek bolar. BIO ýa-da PHYTO bellikleri bilen satylýan ýörite LED lampalary ulanmak iň gowusydyr. Olarda ösümlikleriň ösmegi we güllemegi üçin amatly lýumessensiýa spektri bar.

Ösümlikleriň köpüsi güneşli tarapy talap edýär, bular günorta, günbatar ýa-da gündogara seredýän penjirelerdir. Aýratynam yssy tomus günlerinde, günorta we günbatar tarapdaky ösümliklere kölege bermek has gowudyr. Iň amatly temperatura + 20 +25 derejesindäki ýylylyk. Ösümlikleri hepdede iki-üç gezek suwarmaly, topragy kän guramaly däl, ýöne suw basmaly hem däl. 

Öýde hoşboý ysly ösümlikleriň ösüş aýratynlyklary

Narpyz.
Ysly ýapraklary gap-gaçlar we çaý üçin ýakymly ys hökmünde ulanylýar. Onuň üçin täze ýapraklary guradylýar. Narpyz köpýyllyk ösümlik, 17-nji asyryň ahyrynda Angliýada ösdürilip ýetişdirilen ösümlik gibrididir. Narpyz daşky şertde we öýde hem ösýän ekinlerden biridir. 

Melissa. Ol hem narpyz ýalydyr, ýöne ýapraklary has uly we tagamly. Onuň ösmegi üçin iň amatly temperatura +18-den +22 gradusa çenli derejedir. Melissa hepdede üç gezek, gyşda ýygy-ýygydan 1-2 gezek suwlanýar. Melissa ýagty yşyklandyryşy talap edýär. 

Şalfeý. Italiýadan gelip çykan otag ösümligi. Onuň güýçli kök ulgamy, şahaly baldaklary we mahmal ýüzli, ýumurtga görnüşli ýapraklary bar. Ol tomsuň yssy döwründe köp suw talap edýär. 

Timýan. Onda efir ýaglary bar we ýumşak täsir edýär. Timýan hoşboý ysly, az-kem süýrenýän baldakly, köp ýyllyk ösümlikdir. Köplenç otagyň içinde ösdürilýär. Onuň ýapraklary ezilen suwa saç ýuwmaklyk örän peýdalydyr. Ol ykjam kök ulgamy bolan ösümlikdir, şonuň üçin pes we giň küýzeleri saýlamak has gowudyr. Bular, mysal üçin, bonsaý üçin ulanylýar. Ol diýseň ýagty, ýöne ýaýradylan yşyklandyryşa mätäç. Onuň üçin günbatar ýa-da gündogar tarapdaky penjire has amatlydyr, timýan üçin çyglylyk aýratyn rol oýnamaýar. Suwarmak ortaça we seýrek, hepdede bir ýa-da iki gezek. Ösümlik guraklyga çydamlydyr. 

Rozmarin. Ol adatça tebigatda gülleýän gyrymsy ýa-da ýarym gyrymsy agaçdyr. Afrikanyň we Ýewropanyň käbir ýurtlarynda duş gelmek bolýar. Otag şertinde rozmarin baharyň ahyrynda, tomsuň başynda gülleýär. Onuň üçin gündogar, günbatar ýa-da günorta tarapda penjire amatlydyr. Suwarmaklyk ortaça derejede. 

Lawanda. Öýde iňlis we fransuz lawandalaryny ösdürip bilersiňiz. Lawanda sanalan ösümlikleriň arasynda iň özüne çekiji görnüşdir. Diňe otag temperaturasynda saklanan suw bilen suwarmaly, tomusda günorta tarapda, salkyn şertlerde saklanmaly. 

Şandra. Ýapraklarynyň hoşboý ysy we ýakymly tagamy bar. Suwuk tagamlar we çaý üçin oňat goşundydyr. Ol köp ýyllyk ösümlik, bir gezek ekilse, köp ýyllap onuň ysyndan lezzet almak mümkin. Şandra guraklyga aňsatlyk bilen çydam edýär, günüň içinde-de, bölekleýin kölegesinde-de özüni gowy duýýar. 

 

Aknabat HOJAKULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.