Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
  09.09.2019
975
HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

  Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji awgustynda  sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi welaýatyň ilatynda egsilmez şatlyk duýgusyny döredip, täze nusgalyk şäheriň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagyna özboluşly itergi boldy. Şoňa görä-de, 7-nji sentýabrda welaýatyň ilaty hormatly Prezidentimize hoşallygyň nyşany  hökmünde Gökdepe etrabynda geçirilen giň möçberli çärä çäksiz we buýsanç bilen gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, talyp ýaşlar, ýurdumyzyň welaýatlaryndan dili senaly ýaşululardyr mährem eneler we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

    Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň giň eýwanynda  welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň — nusgalyk şäheriň aýratynlygyny beýan edýän sergi guraldy. Täze şäheriň taslamasy aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Hoşallyk maslahatyna ýygnanan hormatly myhmanlara Gorjaw obasynyň çäginde  gurulýan täze, döwrebap şäheriň taslamasy barada täsirli gürrüň berildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňüne tutulan wezipelere laýyklykda amala aşyrylýan nusgalyk şäheriň taslamasy welaýatyň taryhynda iri taslamalaryň biri bolup durýar.

    Soňra myhmanlar Medeniýet köşgüniň mejlisler jaýyna bardylar. Ol ýerde hoşallyk maslahaty öz işine başlady. Maslahatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanan ilkinji günlerinde “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymaty öňe sürdi hem-de adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda örän köp işleri amala aşyrmaga girişdi. Şonuň netijesinde gysga döwrüň içinde ata Watanymyzyň sebitlerinde täze obalar, şäherçedir şäherler gurlup, raýatlaryň hyzmatyna berildi, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da ýokarlanmagy üçin döwrebap önümçilikler — zawoddyr fabrikler  işe girizildi,  täze iş orunlara döredildi,  ençeme durmuş ýeňillikleri döredildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygyna badalga berlen  Ahal welaýatynyň merkezi şäheri — täze, döwrebap  dolandyryş merkezi  gadymy Ahal ýaýlasynyň ösgermegine, ösüşiň häzirki zaman nusgasyna öwrülmegine ýardam eder.

     Hoşallyk maslahatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew çykyş edip,  täze taryhy döwrümizde türkmen telekeçileri barada edilýän alada, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň wekillerine berilýän goldawlar hakda aýtdy hem-de  täze, döwrebap şäherde guruljak desgalary türkmen telekeçilerine ynanylmagy özlerinde çuňňur buýsanjy döredendigi dogrusynda nygtady. Ol welaýatyň çäginde gurulýan täze şäheriň taryhy  ähmiýetine ünsi çekip, şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalar üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdi.

     Maslahata gatnaşyjylar “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatyny öňe sürmek bilen, il-günümizi has-da eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän bimöçber tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna  hoşallyk we alkyşly sözlerini aýtdylar.

       Hoşallyk maslahaty medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna utgaşyp gitdi. Ýurdumyzda meşhur aýdymçy-sazandalaryň, tans-halk döredijilik toparlarynyň toý ruhundaky sahna özboluşly bezeg goşan sungat çykyşlarynda halkymyzyň bu günki ýeten bagtyýarlygy, ajaýyp durmuşymyz, Watanymyzyň ösüşleri, Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz buýsanç we söýgi  öz waspyny tapdy.

    Soňra şol günki çäre etrabyň Gorjaw geňeliginiň çäginde, täze nusgalyk şäheriň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylan ýerinde dowam etdi. Ol ýerde — ýörite taýýarlanan meýdançada ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşlerini we mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi görkezildi.

     Hormatly myhmanlar täze, döwrebap şäheriň gurluşygynda işleriň giňden ýaýbaňlandyrylan pursatlaryny synlamaga hem mümkinçilik aldylar.