logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Hoş geldiň täze ýyl-salam täze ýyl
  31.12.2019
1770
Hoş geldiň täze ýyl-salam täze ýyl

  Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bellenilýän döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýär. Supra başyna jemlenmek il agzybirligini, jebisligini, ýurt parahatçylygyny dabaralandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdymyz ähli dünýä döwletleri bilen birlikde Täze ýyl baýramçylygyny ýagşy arzuw-niýetlere besläp garşylaýar. Hawa, Täze ýyl täze arzuw-maksatlary bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki “Çynar” toý mekanynda Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet, sungat işgärleri  ruhubelentlige ýugrulan aýdym-sazlaryndan, joşgunly çykyşlaryndan, artistleriň degişmeli gülki agşamlaryndan ruhlanan tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu baýramçylyk dabarasynda Täze ýylyň esasy gahrymany bolan Aýaz babadyr Garpamygyň tomaşaçylara tüýs ýürekden süýji arzuwlary etmek bilen begendirdiler. Bu baýramçylyk dabarasynda täsin öwüşginlere beslenip bezelen ýaşyl arçalar her bir ojagyň törüne ýalkymyny saçýar. Täze ýyl baýramçylygyna bütin dünýäde öňünden taýýarlyk görülýär.

    Şu pursatdan peýdalanyp Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň medeniýet we sungat işgärleri Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny uzak ömür il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.