logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Hezreti Omar metjidinde Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berildi
  18.04.2022
1181
Hezreti Omar metjidinde Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berildi

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.

Mukaddes Remezan aýynyň ýakymly pursatlarynda Arkadagly Serdarymyz hajy Arkadagymyz bilen bilelikde Hezreti Omar metjidine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň müftüsi hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, aýat okady.

Türkmenistanyň müftüsi merhumyň ruhuna bagyşlanyp berilýän sadakanyň hormatyna tebärek çykdy.

Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, olara milli tagamlar hödür edildi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Aýat-töwir okalandan soň, Arkadagly Serdarymyz sadaka gatnaşanlara ýüzlenip: «Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun!» diýdi hem-de sadaka gatnaşanlaryň hemmesine ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy.

TDH