logo

Latest news:
✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦
Home / Interesting /Hemme adamlar şol bir dili gürlese dünýä nähili bolardy?
  18.10.2022
1269
Hemme adamlar şol bir dili gürlese dünýä nähili bolardy?

Taryhyň dowamynda şu wagta çenli dünýäniň ähli adamlarynyň şol bir dilde gürlän wagty bolmandy. Gadymy döwürlerde-de gürlenilýän dilleriň arasynda meňzeşlikler we uly tapawutlar bardy. Ýöne käbir diller şeýlebir meňzeşdi.

Dünýäde näçe sany gürleşilýän dil bar diýen soraga jogap tapmak lingwistler üçin gaty kyn mesele bolup durýar. Sebäbi her dilde üýtgeşik-üýtgeşik dialektler bar. Şonuň üçin hem dilleriň geçmişine degişli maglumatlary we gelip çykyşyny kesgitlemek aňsat däl. Çaklamalara görä, häzirki wagtda jemi 6,909 sany dilde gürleşilýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda dünýädäki gürlenilýän dilleriň sany düýpgöter azaldy. Hünärmenler 2100-nji ýyla çenli häzirki ulanylýan dilleriň ýarysyna çenli azaljakdygyny çaklaýarlar. Bu ýagdaý, dilçileri pikirlenmäge mejbur edýär.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýakyn geljekde dünýä ýüzündäki ähli adamlaryň şol bir dilde gürleşip başlamagy mümkin. Bu ýagdaýa globallaşma we internet has hem güýçli täsir edýär.  Şeýle-de bolsa, ünsden düşürilmeli däl başga bir hakykat bar. Ýagny, diller aslynda medeni aýratynlyklar bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Şonuň üçin medeni we syýasy ugurlar dilleri düýbünden ýitirip ýa-da onuň tersine gorap saklap, ony hasam baýlaşdyryp biler.

Geljekde bir gün bütin dünýäde diňe şol bir dilde gürleşilse, bu örän uly özgerişligiň başlangyjy bolar. Dünýädäki ähli adamlar şol bir dilde gürläp gowy düşünişip bilerler. Duýgulary aňlatmak has ýeňil bolar. Emma şahsy we medeni aýratynlyklar örän azalar. Emma dünýä ýüzünde şol bir dilde gürleşmek - umumy gatnaşyklar ýygjamlaşdyryp, global agzybirligi hem döredip biler.  

 

Güneş ABRAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary 
tygşytly peýdalanmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby.