logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Hazar ykdysady forumy
  12.07.2019
1167
Hazar ykdysady forumy

   Hazarýaka döwletleriniň dostlukly gatnaşyklarynyň we özara hyzmatdaşlygynyň taryhy irki döwürlerden bäri goňşy ýurtlaryň bu ugurda şu günki we geljekki halkara diplomatiýanyň hamyrmaýasy bolup durýar. Hut şu syýasy ýörelgä daýanýan milli Liderimiz 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar ykdysady forumyny geçirmek babatdaky teklibi öňe sürdi. Häzirki wagtda bu iri halkara çärä giň gerimde taýýarlyk görülýär. Munuň özi Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň ähmiýetini has-da pugtalandyrýar.

         Taryhymyz beýik şan-şöhrata eýedir. Türkmenistanyň yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi – hereketlendiriji güýji bolmagy, diňe bir guryýer söwdanyň däl, eýsem, deňiz arkaly söwdanyň guralmagyna, ykdysady – medeni gatnaşyklaryň barha rowaçlanmagyna hem zerur şertleri döredipdir. Şoňa görä-de, Ýewropa sebiti üçin Hazaryň türkmen kenary Orta Aziýa we Gündogar ýurtlara açylan altyn derweze hökmünde arzylanyp gelinýär.

      Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen Hazaryň kenarynda täze halkara deňiz duralgasynyň bina edilmegi Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlary üçin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň barha ösmegine, Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag akymlaryň ýola goýulmagyna esas berdi.

  Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, syýasy öňdengörüjiligi bilen gurlup ulanylmaga berlen, özbaşyna şäheri emele getirip, giň çäklere ýaýylyp gidýän Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna öz goýnunda orun beren Hazaryň türkmen kenarynda giň gerimde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy dostana goňşuçylyk gatnaşyklaryny we köptaraply bähbitli hyzmatdaşlyklary barha ösdürmäge täze mümkinçilikleri açar. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, halkymyz üçin häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ýaşaýyş şertlerini döretmekde aýgytly ädimlerdir.