Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
  28.02.2023
732
Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, meşhur alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, talyplary, şeýle hem 20-den gowrak döwletiň ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaý hünärmeni gatnaşdy.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň giň foýesinde täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy strategik ugurlarynyň biri bolan nebit we gaz pudagyna bagyşlanan hem-de Döwlet muzeýiniň eksponatlary ýerleşdirilen sergi guraldy.

Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdy. Daşary ýurtly alymlar «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» esasynda uniwersitetde döredilen «Wodorod energetikasy» merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdiler.

Maslahatyň gün tertibine energetika ulgamynda ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar we wodorod energiýasyny işläp taýýarlamak, ösdürmek ýaly meseleler girizildi. Onda çykyş edenler ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge, önümçilige ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler hem-de wodorod energiýasyna degişli ylmy-barlag we taslama işleri barada maglumat berdiler. Olaryň çykyşlarynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek bilen bagly meseleler möhüm orun eýeleýär. Uniwersitetiň ýaş alymlarydyr ylmy işgärleriniň alyp barýan ylmy-barlag işleri şol meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga gönükdirilýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilen çykyş eden alymlaryň we nebitgaz toplumynyň tejribeli hünärmenleriniň arasynda sowal-jogap alşyldy. 

 

Suraý MOWLANBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.