Aşgabatda 26-27-nji noýabrda geçiriljek "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2024" (ITTC 2024) Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklary hasaba almaklyk başlandy.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi forumyň guramaçysy bolup çykyş edýär.
Maslahat Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar. Foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň ösüşini, multimodal çözgütleri we logistikada sanly özgertmeleri maslahatlaşarlar. Çäräniň dowamynda ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sergi geçiriler. Forumda ulag ulgamlarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we ekologiýa yzlaryny azaltmaga aýratyn üns berler.
ITTC 2024-niň maksatnamasynda ulag-logistika innowasiýalaryna, multimodallyga we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna bagyşlanan meseleler boýunça mejlisler geçiriler.Foruma gatnaşjak wekilleriň arasynda Airbus, Boeing, Cargo Lux, Fly Dubai, Vitol, Dragon Oil ýaly belli kompaniýalaryň, IATA (Howa ulaglarynyň halkara birleşigi), ICS (Gämiçilik halkara palatasy), IRU (Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi), BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky ýaly guramalarynyň wekilleri bar.
Aýzada Hojamyradowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.