logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /“Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady
  29.04.2025
574
“Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarka bilen “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Üç günläp dowam edýän bu forum, harytlar we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de özara peýdaly söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Çäräniň açylyşynda Hormatly Prezidentimiziň bu giň gerimli çäreleriň gatnaşyjylaryna iberen Gutlagy diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmegine, hyzmatlar ulgamynyň kämilleşmegine, ylmy-tehniki ösüşleriň önümçilige ornaşdyrylmagy arkaly ýokary hilli we ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk harytlaryň dünýä bazaryna çykarylmagyna möhüm goşant goşjakdygyny nygtady.

 

Soňra sergä gatnaşýan köp sanly myhmanlar sergi diwarlyklary bilen tanyşdylar. Diwarlyklarda görkezilýän dürli harytlar ýurdumyzyň ykdysadyýetinde geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli netijeleridir we bu görkezmeler gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

 

Bu sergide ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň 140-dan gowrak kompaniýasy we halkara guramasy öz işleriniň netijelerini hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini görkezdi.

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.