logo

Latest news:
✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦
Home / Economics /HALKARA SERGILER ÖZ IŞINE BAŞLADY
  11.08.2019
1031
HALKARA SERGILER ÖZ IŞINE BAŞLADY

     11-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar halkara innowasion tehnologiýalar” hem-de “Türkmen sährasy 2019” atly halkara awtosergisi öz işine başlady. Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde geçirilýän bu giň göwrümli sergä Hazarýaka döwletlerinden başga-da, dünýäniň ençeme ýurdundan wekiller gatnaşýar. “Hazar halkara innowasion tehnologiýalar” sergisinde Hazarýaka döwletleriň milli bölümleri, şeýle-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nebitgaz, energetika hem-de himiýa pudaklaryndaky täzeçil çözgütleri, önümçilik enjamlary, senagatyň dürli pudaklarynyň önümleri, serişdeleri görkezilýär. Hytaýyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, BAE-niň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň sergi bölümleri hem uly gyzyklanma döredýär.
  “Türkmen sährasy 2019” atly sergide dünýäniň awtomobil gurluş ulgamynyň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar. Sergide ýeňil, ýolagçy hem-de ýük awtoulaglarynyň, ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri, awtomobil gurluşynda täzeçil işläp taýýarlamalar, audio-wideo serişdeleri, gorag we bekleýji ulgam, howpsuzlyk üpjünçiligi enjamlary görkezilýär. Awtomobil gurluşygy, awtoserişdeleriň önümçiligi we awtoulaglaryň önümçiliginiň we
oňa hyzmat etmegiň ähli ugurlaryny döretmekde halkara awtosergisiniň ähmiýeti örän uludyr.