logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Science and Education /Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
  13.05.2026
284
Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen bu forum ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

 

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanlar institutyň eýwanynda guralan sergini synladylar. Onda türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungaty, parahatçylyk we abadançylyk düşünjelerini açyp görkezýän döredijilik eserleri görkezildi.

 

Forum dünýäniň 20 döwletinden gelen alymlary, diplomatlary we bilermenleri bir ýere jemledi. Jemi onlarça daşary ýurtly wekil hem-de ýurdumyzyň 150-den gowrak professor-mugallymy we alymy gatnaşyp, halkara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

 

Maslahatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlaryna giň orun berildi.

 

Daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady, energetika, ulag, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, ýaşlar we sport diplomatiýasyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri aýratyn bellenildi.

 

Maslahat birnäçe bölümçelerde dowam edip, halkara hukuk, ykdysady diplomatiýa, medeni diplomatiýa we halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi.

 

Forumyň çäklerinde talyplar üçin ussatlyk sapaklary guraldy. Alymlar we bilermenler ýaşlara diplomatiýa, daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary, öňüni alyş diplomatiýasy hem-de žurnalistika boýunça tejribelerini paýlaşdylar.

 

Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň medeni we taryhy ýerlerine gezelençler hem guraldy. Şeýle çäreler Türkmenistanyň dostluk, hyzmatdaşlyk we medeni diplomatiýa mümkinçiliklerini dünýäde has-da giňden wagyz etmäge hyzmat edýär.

 

 

Mekan AZADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.