Umumy häsiýetnamasy: Güýzlük bugdaý dünýäniň ekerançylyk bilen meşgullanýan ähli ýurtlarynda ekilýär. Günorta Awstraliýanyň, Günorta Amerikanyň, Afrikanyň günortadaky iň çetki çäklerinde ekilýär. Bugdaý hakykatdan-da sähra ekini hasaplanýar. Ýewropa ýurtlarynda esasan güýzlük ýumşak bugdaý, demirgazyk sebitlerde, Günorta kontinentlerde ýazlyk gaty bugdaý ekilýän bolsa, Aziýanyň esasy giňişliklerinde ýumşak güýzlük bugdaý hem-de gaty bugdaý ekilýär.
Topragyň üstüni tekizlemek – ýokary hasylyň düýbüni tutmagyň möhüm ekerançylyk çäreleriniň biridir. Eger-de ýeriň üsti tekiz bolmasa, birinjiden, tutulan suw atyzyň hemme ýerine birmeňzeş tekizlikde ýaýramaýar, dökülen mineral dökünler beýik ýerden ýuwlup äkidilýär we pes ýerde toplanýar, suwarylan ýer atyzyň hemme ýerinde deň taba gelmeýär. Atyzyň iň beýik ýeri tapdan çykýar, gataýar, orta peslikdäki ýeri taba gelýär, pes ýeri bolsa taba gelip ýetişmeýär. Bu ýagdaý ekişi wagtynda, ýokary hilli geçirmäge päsgel berýär. Ekinler birmeňzeş, deň gögeriş bermeýär, deň ösmeýär we hemme ýerden ýokary hasyl alyp bolmaýar. Diňe orta tekizlikdäki ýerlerden ýokary hasyl almak mümkin bolýar. Ýerleri tekizlemek işi Keýs МX 210 kysymly traktora Rome PG16 kysymly tekizleýji dakyp ýerine ýetirilýär. Eger-de toprak tapdan çykan bolsa, onda sürümden öň gektara 600-700 kubmetr kadada yzgarlaýjy suw tutmak maslahat berilýär.
Suwarmak. Toprak-howa şertlerine baglylykda ösüş döwründe 1 gektar üçin 5000 kubmetre çenli suw tutulýar. Gögeriş suwy – toprak gurak bolsa, sentýabr aýynyň 15-inden oktýabr aýynyň 20-sine çenli gektara 1200-1400 kubmetr kadasynda bermeli. Birinji ösüş suwy topraga azotly we fosforly dökünler berlenden soň, bugdaýyň çogdamlanýan döwri noýabr aýynyň 15-inden 30-na çenli gektara 800-900 kubmetr möçberinde tutulýar. Ikinji ösüş suwy gyş gurak gelse bugdaýyň doly çogdamlanýan döwri – fewral aýynyň 20-sinden mart aýynyň 15-ne çenli gektara 900-1000 kubmetr ölçegde berilýär. Üçünji ösüş suwy mart aýynyň 25-inden aprel aýynyň 15-ine çenli gektara 900-1000 kubmetr kadada bugdaý tüýdükleýän döwri bermeli. Dördünji ösüş suwy azot döküni ulanylandan soň bugdaýyň sümmülleýän, gülleýän döwri aprel aýynyň ikinji ongünlüginden 30‑na çenli gektara 900 kubmetr möçberde tutmaly. Güýzlük bugdaýyň topragyň çyglylygyna gatnaşygy birneme ýokary hasaplanýar, ýagny ýapraklaryndan suwuň bugarma tizligi 400-500 birlige deňdir. Bu bolsa ösümlikden näçe gram suwuň bugaryp, bir gram gury maddany emele getirýändigini görkezýär. Güýzlük bugdaý ösümlik ösüş möwsüminde ulanýan suwunyň 70% -ini maýsa emele getirýänçä ulanýar, 20%-i gül ösümliginden granula ösümligine çenli ösýär. Güýzlük bugdaýdan has ýokary hasyl almak üçin topragyň çyglylygyny 70-75% derejesinde saklamak maslahat berilýär.
Toýly SABYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.