logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Sports /GÜÝÇLÜLER ÖŇE SAÝLANDYLAR
  06.06.2020
1027
GÜÝÇLÜLER ÖŇE SAÝLANDYLAR

       Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurduna öwrüldi. Bu gün welaýat merkezlerinde, etrap we şäher merkezlerinde, obalarda sport desgalary we toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Ol ýerlerdaki sportyň dürli görnüşleri boýunça taýýarlyk hem-de türgenleşik işlerine ýaşlar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Ýaryşlaryň hem-de bäsleşikleriň ýenijileri bolýarlar.

         Ynha, şeýle ýaryşlaryň biri Tejen şäheriniň sport mekdebinde, şeýle hem 1500 orunllyk sport desgasynda geçirildi. Sportyň futbol we woleýbol görnüşleri boýunça geçirilen şol ýaryşlara Ahal welaýatynyň gündogar sebit etraplaryndan – Babadaýhan, Sarahs, Tejen, Kaka etraplaryndan we Tejen şäherinden bolan edara-karhanalarda zähmet çekýän türgenlerden düzülen toparlar gatnaşdylar.

      Ýaryşyň baş maksady bolsa etraplardaky sporta höwesek güýçli türgenleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Ýaryşlar diýseň çekeleşikli boldy. Onuň netijesinde Tejen şäheriniň türgenleri sportyň futbol we woleýbol görnüşleri boýunça baýrakly 1-nji  orna, Tejen etrabynyň türgenleri bolsa 2-nji orna mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijileri bu ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.