logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Gürlemek arkaly «kod ýazmak» döwri başlaýar: «Hey, GitHub!»
  12.11.2022
1327
Gürlemek arkaly «kod ýazmak» döwri başlaýar: «Hey, GitHub!»

«GitHub», kodlaýjylara ýazylan koduň mazmuny esasynda kod tekliplerini hödürleýän «Copilot» atly emeli aň hyzmaty bilen klawiaturasyz kod ýazmaga mümkinçilik berýän ulgamy synagdan geçirip başlady.

«Copilot» - «Siri» we «Alexa» ýaly buýruklary ses arkaly kabul edip şoňa görä-de buýruklary ýerine ýetirer. Funksiýany işjeňleşdirmek üçin  «Hey, GitHub!»  diýmek ýeterlik bolar.

Kompaniýanyň resmi web sahypasynda bu hyzmatyň ýakyn wagtda kodlaýjylar üçin elýeterli boljakdygy aýdylýar.