logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Günde bir ýumurtga bäbekleriň has çalt ulalmagyna şert döredýär
  27.12.2022
1170
Günde bir ýumurtga bäbekleriň has çalt ulalmagyna şert döredýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy günde bir ýumurtga iýmegiň bäbekleriň has çalt ulalmagyna ýardam edip biljekdigini öňe sürýär. Bu baradaky gözlegler, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirildi.

Ýumurtga maddy taýdan alanyňda hem örän arzan bolup durýar. Şeýle hem pes girdejili sebitleriň köpüsinde tapmak has aňsat, sebäbi dünýäniň dürli künjeginde adamlar esasan towuk we beýleki guşlary ösdürip ýetişdirýärler.

Ýumurtgada A, С, D, E, K, N we RR ýaly witaminleri, kaliý, kalsiý, magniý, sink, selen, mis we margenes hem-de demir, hlor, we kükürt, ýod, hrom, ftor, molibden we bor ýaly himiki elementler bardyr. Kiçijik çaga gündelik zerur iýmitleriň 50%-den gowragyny ýumurtgadan alyp biler. Ýumurtga çagany iýmitlendirmek üçin möhüm iýmit çeşmesi bolup durýar.

Bu baradaky gözlegler «Pediatrics» žurnalynda çap edildi. Ýumurtga deňagramly iýmit bolany üçin, aşa semizlikde hem peýdalydyr. Gündelik ýumurtga iýýän islendik adam sagdyn bolýar.

Ýumurtga adam beýnisiniň gan üpjünçiligini gowulandyrýar, ýatkeşligi ýokarlandyrýar we sklerozyň ösmeginiň öňüni alýar. Mundan başga-da ýumurtgada çalşyp bolmaýan aminokislotalaryň esasy bölegi saklanýar. 

 

Aknabat TAGANGYLYJOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.