Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /GÖZELLIGE SÖÝGI
  18.02.2023
1488
GÖZELLIGE SÖÝGI

Türkmen halkynyň uzak taryhy bar. Onuň dünýä gözelligine goşan goşandy hiç bir halkyňkydan pes däldir. Welaýatlarymyzdaky saklanyp galan binagärlik ýadygärlikleriniň, dünýäni haýran galdyrýan haly-palaslarynyň, gamyşgulak bedewleriniň, gelin-gyzlarymyzyň bezeg şaý-sepleriniň, milli keşdeleriniň bütindünýä gözellik sungatynyň hatarynda görnükli orny bardyr.

Gözellik (estetika) bu duýgy, duýgurlyk, syzmak diýen manylary aňladýar. Ol tebigatyň ýa-da adam eli bilen döredilen gözel zada düşünmegi, galyberse-de, estetiki gymmatlyklaryň gadyryny bilip, şolardan lezzet almagy öwredýän filosofiki ylymdyr.

Biz näme üçindir kaşaň binalaryň, gül-pürçek bolup oturan seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň ýa-da owadan heýkelleriň, suratlaryň ýanyndan geçenimizde säginip, oňa gaňrylyp seredenimizi duýman galýarys. Şirin aýdym-sazlary diňlänimizde ruhy lezzet alýarys. Emma munuň tersine, zir-zibilleriň deňinden beýlämize öwrülip, çaltrak ötenimizi gowy görýäris. Adamyň ýaşaýşy, saglygy üçin iýmitiň, suwuň zerur bolşy ýaly, oňa ruhy iýmit-de gerek. Sebäbi lukmançylyk tejribesinde şirin sazyň, owadan keşbiň, hoşboý ysyň adamyň saglygyna ullakan täsiriniň bardygy subut edildi. Ynsan owadanlygyň aşygy. Türkmen halkynda gözellik terbiýesi çaga sallançakda ýatyrka ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar.

Gözellik adama diňe bir ruhy lezzet bermek bilen çäklenmän, eýsem ol öz synçysyny terbiýeleýär, onda arzuwçyllyk duýgularyny-da oýarýar. Haýsy-da bolsa kaşaň jaý ýa-da owadan eşik görsek, hökman bizde şoňa höwes, isleg döreýär. Keteni köýnekli, milli şaý-sepleri dakynyp barýan gyz-gelinleri göreniňde, öz milli egin-eşikleriňe guwanýarsyň, buýsanýarsyň. 

 

Gülaýym MUHYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.