Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçiriler ✦ ✦ Türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçiriler ✦ ✦ «Awaza» halkara forumyna giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy ✦ ✦ LLDC3 maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär ✦ ✦ Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar ✦ ✦ Däne hasylynyň ätiýaçlygy pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ekologiýa Hereketinden Çagalar Üçin Medeniýet we Bilim Bileleşmesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /GÖZDEN GIZLI ŞEKILLER – STEREOGRAFIKA
  08.10.2022
1206
GÖZDEN GIZLI ŞEKILLER – STEREOGRAFIKA

Adamyň gözi adatça iki taraplaýyn görýär we bu oňa özboluşly aýratynlygy ýagny, tekiz şekilde üç ölçegli şekili görmeklik ukybyny berýär. Üç ölçegli «gizlin» şekilleri ulanmak bilen bu görüjilik ukyby kämilleşdirip bolar.

Stereogrammalar diýlip, atlandyrylýan gaýtalanýan nagyşlar bolan tekizstereoskopiki suratlarda belli bir görüş merkezi bilen üç ölçegli şekili görüp bolýar. Stereo effekti görşümiziň iki taraplaýynlygyna (dürbüligine) esaslanýar. Daş-töweregimizdäki dünýäni iki göz bilen görýäris. Şol bir wagtyň özünde sag we çep gözler dürli suratlardan şol bir suraty görýär. Görüş organlaryndan alnan wizual maglumatlary gaýtadan işleýän beýnimiz iki tekiz şekili bir üç ölçegli birleşdirýär. Bu bolsa effekt stereo şekilleriň döredilmeginde hem esaslanylýar. Şeýle çyzgylaryň nagyşlaryna seretseňiz görünýän bulam-bujarlygyň aňyrsynda gaýtalanýan birmeňzeş elementleriň bardygyny görüp bilersiňiz. Wizual maglumatlar gaýtadan işlenende beýnimiz şekili görýän burçlarymyzy we nazaryň ýüze çykýan nokadyny nädogry birleşdirýär. Beýnini öz-özüni aldamaklygyna ýagny optiki illuziýa getirýär. Şol sebäpli hem tekiz bölekler toplumynda üç ölçegli suraty görýäris.

Köp adam üçin stereoskopiki şekillerde üç ölçegli şekili görmek synanyşygy güýmenje bolmakdan başga zat däl ýaly görünse-de, şeýle suratlaryň amaly ähmiýete eýe bolup biljekdigi ýüze çykýar. Lukmanlaryň we psihologlaryň pikiriçe stereogrammalary görmek görüjilige oňyn täsir edýär hem-de aň-bilim we akyl ýetiriş ukybyny ýokarlandyrýar.

Gözüň görüjiligini we akyl ýetiriş ukybyny kämilleşdirmekde stereo şekilleriň peýdasy uludyr. Offtalmolog lukmanlaryň bellemeklerine görä, gözüň görüjiligini gowulandyrmak, gözdäki dartgynlylygy aýyrmakda we görüş ulgamynyň dürbi funksiýalaryny ösdürmekde stereo şekillere seredip gözdäki uýgunlaşma enjamlaryny türgenleşdirmekligi maslahat berýärler. Günde birnäçe minut stereoskopiki şekilleri yzygiderli görmek size birnäçe oňyn täsirleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Hünärmenler stereo suratlara seretmegiň diňe bir görüjilik üçin däl, eýsem akyl we aň-bilim ukybyny ösdürmek üçin gowy türgenleşikdigini belleýärler. Gözüňizi aýratyn bir ýere jemlemegiň we ünsüňizi uzak wagtlap saklamagyň zerurlygy konsentrasiýany, jemlemek ukybyny ösdürýär, beýniniň işjeňligini höweslendirýär we beýni reaksiýalarynyň tizligini ýokarlandyrýar.

 

Hojamyrat ATABAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.